Amerikan “Buell Motorcycles” şereketi elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriniň we motosikllerininiň täze modellerini tanyşdyrdy. Bu ulaglar bir gezekki zarýady bilen uzak ýol geçýändigi bilen tapawutlanýar. Kuwwatly ulaglary öndürmekde öňdebaryjy kompaniýa hasaplanýan “Harley-Davidson”-da birnäçe ýyl tejribesi bolan Erik Buell tarapyndan döredilen şereket ulaglaryny ýeňil we berk materiallardan öndürýär. Şereketiň işläp taýýarlan “Fluid-1” atly welosipediniň kuwwaty 500W bolup, tizligi sagatda 25 km-e ýetýär. Onuň has kuwwatly nusgasy sagatda 45 km tizlik bilen hereket eder. Welosiped bir gezekki zarýady bilen 200 kilometr ýol geçip bilýär. “Fuell Flow” atly motosikl modeli bolsa, 140 km/s tizlik bilen hereket edýär. 0-dan 100 km/s tizlige 2,7 sekuntda ýetýär. Bu ulag bir gezekki zarýady bilen 240 kilometr ýol geçýär. Şereketiň welosipedleriniň bahasy 2300-2645 dollar aralygynda bolar. “Fuell Flow” motosikli bolsa, indiki ýyldan başlap, 11 müň dollardan müşderilere ýetiriler.