Mobil telefonlar 1990-njy ýyllaryň başynda peýda boldy. Aragatnaşygyň döwrebap görnüşi durmuşymyza köp täzelik getirdi. Häzirki wagtda dünýäde aragatnaşygyň 4-nji nesli (4G) giňden ulanylýar. Ýakyn geljekde 5G-niň hem durmuşymyza aralaşjakdygy bellenilýär. Eýýäm dünýäniň käbir şäherlerinde çäkli görnüşde bu hyzmat hödürlenip başlandy. Geçen 20 ýyl töweregi wagtyň dowamynda mobil aragatnaşyk hemme ýere diýen ýaly ýaýrady. 2G tehnologiýasy 2000-nji ýyllaryň başyna çenli dowam etdi. Soňra 3G we 4G peýda boldy. 3G tehnologiýasy 2003-nji ýylda dünýäniň köp ýurdunda ulanyşa girizildi. Emma bu tehnologiýa 2007-nji ýyla çenli müşderiler köpçüligi üçin elýeterli bolmady. 2009-njy ýylda 4G söwda maksatly hödürlenip başlandy. 2013-nji ýylda 4G bilen 3G-niň aralygyndaky bäsdeşlik başlandy. Aragatnaşygyň ikinji nesline isleg bolsa azalyp ugrady. Bilermenler islendik tehnologiýada bolşy ýaly, 5G-niň hem müşderileriň ulanmagy üçin elýeterli bolanyndan soňra ýaýrap başlajakdygyny belleýärler. Häzirki wagtda aragatnaşygyň 5-nji neslinden peýdalanyp bolýan mobil enjamlar ýek-tük peýda bolup ugran hem bolsa, olaryň bahasy elýeterli däl. Önümçiligiň artmagy, islegiň ýokarlanmagy we öndüriji şereketleriň köpelmegi netijesinde dörän bäsdeşlik smartfonlaryň bahasyny arzanladar. Ozalkylardan tapawutlylykda, 5G dürli enjamlaryň öz aralarynda habarlaşmaklarynda, sürüjisiz ulag tehnologiýasynda we beýleki ugurlarda giňden peýdalanylar.