Ýewropa güni – Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň parahatçylygynyň hem-de bitewüliginiň baýramy. Ol 1950-nji ýyldan bäri, her ýylyň 9-njy maýynda bellenip geçilýär. Şol senede Şuman ähtnamasyna gol çekilipdi. Bu taryhy resminama Ýewropada kömür bilen poladyň birleşip başlan döwrüniň buşlukçysydyr. Ol hem Ýewropa Bileleşiginiň döremeginiň binýadyna öwrüldi. Esaslandyryjy ýurtlar (Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Gollandiýa, Belgiýa we Lýuksemburg) kömrüň hem-de poladyň bir bitewi bazaryny döredip, eksport hem-de import paçlaryny aýyrdylar. 1951-nji ýylda Ýewropanyň kömür we polat bileleşiginiň döredilmegi babatda şertnama gol çekildi we bu şertnama bir ýyldan soňra güýje girdi. 1986-njy ýylda ýeke-täk Ýewropa ähtnamasy bilen umumy bazar döredildi. 1992-nji ýylda Maastriht ylalaşygy esasynda Ýewropa Bileleşigi döredildi.
Ýewropa güni mynasybetli Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda 140-a golaý dürli derejede çäreler guraldy. Olaryň agramly bölegi guramanyň merkezi binasynyň ýerleşýän ýeri bolan Belgiýada geçirildi.
Begli BAÝMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.