Ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä dolduran hormatly Prezidentimiziň gamyşgulak bedewlerimiziň waspyny ýetirýän gymmatly eserler ýygyndylary okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenip geçildi. Şol baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly täze kitaby okyjylar köpçüligine ýetirilip, halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda çapdan çykan bu gymmatly eser ahalteke atlarynyň tutuş dünýädäki muşdaklary üçin hem ajaýyp sowgat boldy. Dünýä ähmiýetli gymmatlyga öwrülen bedewlerimize bagyşlanan bu kitabyň Diýarymyzyň ähli künjeginde tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Tutuş dünýäde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanma barha artýar. Türkmen bedewleriniň muşdaklarynyň we oňa gadyr goýýanlaryň, şeýle hem olary saklaýanlaryň sany yzygiderli artýar. Türkmen atşynaslary bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklar ýola goýulýar. Ine, şeýle döwürde milli Liderimiziň buýsanjymyza we milli gymmatlygymyza öwrülen behişdi bedewler barada döwet galamyndan çykan täze kitabynda türkmen bedewleriniň şöhratly senenamasynyň sahypalary, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde adamzadyň irki ösüş döwürlerinde goýan yzlary, milli atşynaslyk sungatynyň inçe syrlary barada gyzykly maglumatlary almaga mümkinçilik döredi.
Hormatly Prezidentimiziň kitabynda: “Bedew – ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç” diýip belleýşi ýaly, bedew Garaşsyz Watanymyzyň taryhynyň, häzirki döwrüniň we geljeginiň, biziň ösüşlerimiziň nyşanyna öwrüldi.
Häzir ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň diňe bir şygyrlarda we aýdymlarda däl, eýsem, sungatyň suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, halyçylyk görnüşlerinde hem giňden wasp edilýändigini belleýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döredijilik işgärleriniň arasynda bedewiň iň oňat çeper keşbini suratlandyrmak ugrunda guralýan bäsleşigi hem ýatlap geçýär. Hakykatdan hem edebi mirasymyzda bedewiň waspy öz beýanyny tapýar.
Milli Liderimiziň bu kitabyndaky: “Atçylyk ýöne bir miras bolman, ol ýaşaýşa bolan söýgini müdimileşdiren ebedi sungatdyr”, “Ahalteke bedewi biziň üçin açyşdyr hem ýetilen ylym-bilim belentligidir”, “Türkmen halylary kaşaň köşklere laýyk hasap edilýän bolsa, bedewler hem asylly begzadalaryň göwnüni göterýän ajaýyp dostlarydy”, “Ahalteke bedewi – eýýamlaryň bedewi” we “Biziň şöhratly üstünliklerimiziň alamaty – bedewlerimiz!” diýen parasatly jümleler ata-babalarymyzyň hem-de halkymyzyň arasynda bedewlerimiziň sarpasynyň belentdigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçeginiň müdimi ýaranydyr” diýip belleýşi ýaly, häzirki wagtda-da bedewler toýdur dabaralarymyzyň bezegidir.
Hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly täze kitaby sekiz bölümden ybarat bolup, her bölümiň sözbaşysy kitabyň öňe sürýän taglymatlaryny açyp görkezýär. Kitaby okap çykanyňda, her bir manyly jümläniň milli Liderimiziň tüýs ýüreginden joşup çykandygyny duýýarsyň. Gahryman Arkadagymyzyň bedewe bolan çuňňur söýgüsine göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýýan täze kitabynyň elimize gowuşmagy göwünlerimiziň joşgunyny artdyrdy.
Daniýar Joraýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.