Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş düzümini, ilatyň döredijilikli zähmeti we dynç alşy üçin şertleri döretmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladalary netijesinde, şeýle taslamalar ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýakynynda şäher görnüşdäki täze obany gurmak meýilleşdirilipdi. Bu gün şol Karar hakykata öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda döwrebap obanyň düýbi tutuldy. Bu taslamany iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Onuň 1-nji tapgyry 2019-2022-nji ýyllarda, 2-nji tapgyry bolsa, 2022-2025-nji ýyllarda gurlar. Bu taslama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.
Täze obanyň “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda gurulmagynyň hem özboluşly ähmiýeti bar. Garagum sähralygynda iri emeli suw howdanynyň döredilmegi ähli sebitleriň suwarymly ýerleriniň ýagdaýyny gowulandyrdy we topragyň şorlaşmagy, batgalygyň we guraklygyň emele gelmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleriň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşdy. Bu sebitde täze obanyň hem-de beýleki hojalyk düzümleriniň döredilmegi Türkmen kölüniň golaýynda hem-de Garagum sähralygynda täze durmuşyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde Türkmen kölünde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Şeýlelikde, bu ýerde balykçylyk hojalyklarynyň döremegine, täze obanyň ýaşaýjylarynyň balykçylyk bilen meşgullanmaklaryna giň ýol açar.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde bolup geçýän oňyn özgerişlikler, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi hemmeleriň ünsüni çekýär. Şeýle iri innowasion desganyň töwereginde dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek göz öňünde tutulýar. Garagumda el bilen döredilýän köli gurmak boýunça iri möçberli we täsin taslamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde boldy. Milli Liderimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy we netijeleri bilen yzygiderli tanyşdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär. Sähralygyň merkezinde köli döretmegiň ägirt uly taslamasy sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw gorlaryny aýawly we rejeli peýdalanmagyň wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama diňe Türkmenistan üçin däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolýar. Täze taryhy döwürde daşky gurşawy goramak, tebigaty netijeli ulanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Kölüň töwereginde guruljak täze oba ähli mümkinçiliklere eýe bolan döwrebap ýaşaýyş düzümleriň birine öwrüler. Täze obanyň ilatyny gazlaşdyrmak üçin degişli çäreler geçiriler, tele, radio we beýleki aragatnaşyk ulgamlary üçin, şeýle hem “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy üçin döwrebap enjamlar oturdylar, elektrik ulgamlary çekiler.
Diýarymyzyň ähli ýerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, ulag we jemagat hojalygynyň düzümlerini, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, kiçi telekeçilik ulgamlarynyň ösdürilmegi milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Japarguly Gurbanow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.