Şu ýylyň 4 aýynda ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 55-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 30-synyň geçirilmegi türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki ýaryşlara taýýarlygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şonuň netijesinde, tejribe toplan türgenlerimiz halkara bäsleşikleriniň 55-sine, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 7-sine, Aziýa çempionatlarynyň 14-sine, halkara bäsleşikleriň 34-sine gatnaşyp, jemi 106 medal eýelediler. Şolaryň 32-si altyn, 34-si kümüş we 40-sy bürünç medallardyr. Bu görkezijiler sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Diýarymyzyň sportda täze ösüşlere sary ilerleýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatdaky tagallalar aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi bolsa, Garaşsyz Diýarymyzda “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şertler döredildi. Soňky ýyllarda awtomobil sporty täze belentliklere çykaryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary hem-de şahsy göreldesi esasynda sportuň bu görnüşinde türkmen türgenleri yzygiderli ýagdaýda halkara ýaryşlara gatnaşyp, tejribelerini artdyrýarlar hem-de ýokary baýraklara mynasyp bolýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ilkinji aýlarynda türkmen sürüji-türgenleri “Russiýa – Demirgazyk tokaý – 2019” dünýä Kubogynyň tapgyrynda gar-buzly ralli ýaryşlaryna gatnaşyp, hormat münberinde mynasyp orna eýe boldular. Golaýda türgenlerimiz Astrahanda geçirilen ralli-reýd boýunça Russiýanyň çempionatynyň “Kagan altyny-2019” ýaryşyna gatnaşdylar. Bu ýaryşa türkmen türgenleri bilen bir hatarda, gazagystanly, latwiýaly, finlýandiýaly we ukrainaly türgenler hem gatnaşdylar. Ýolsuz ýerden ýöreýän, ýük awtoulaglarynyň, dürli ýerlerden geçýän motosiklleriň arasynda sürüjileriň 500-si birinjilik ugrunda bäsleşdiler. Ralli-reýde gatnaşyjylar üç günde 700 kilometrden gowrak sähra ýollarydyr astrahan deňiz kenarynyň çägeliklerinden ybarat çylşyrymly ýol geçdiler. “Nissan Patrol” kysymly ýolsuz ýerden ýöreýän ulagda “Kagan altyny-2019” ralli-reýdine gatnaşan Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew ikinji orny eýelediler. “Mitsubishi L200” kysymly ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulagda çykyş eden beýleki türkmen sürüjileri –Begnazar Nurýagdyýew bilen Muhammetmyrat Gurbanow Astrahan oblastynyň açyk birinjiliginde üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem agyr atletika boýunça Hytaýda geçirilen Aziýa çempionatynda Hojamuhammet Toýçyýewiň bürünç medala, Tailandyň Bangkok şäherinde guralan boks boýunça Aziýanyň çempionatynda talyp türgenimiz Nursähet Pazzyýewiň bürünç medala mynasyp bolmagy guwandyryjy wakalardyr.
Häzirki döwürde türkmen türgenleri dünýäniň iň uly sport bäsleşigi bolan 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler. Türgenlerimiziň bu abraýly sport ýaryşyna ýokary derejede taýýarlanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň binýadynda 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanjakdygyna we berkarar döwletimiziň sport abraýyny has-da belende göterjekdigine ynanýarys.
Gülşat Atamyradowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.