Uly şä­her­ler­de ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­makda dü­rli tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gol­lan­di­ýa­nyň paý­tag­ty Ams­ter­dam­da 2030-njy ýyl­dan baş­lap, ben­zin we di­zel ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän ulag­lar çäklendiriler. Şä­he­riň mej­li­si bu ka­ra­ryň ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­ny üp­jün et­mek maksady bilen we ýa­şaý­jy­la­ryň sag­ly­gy göz öňün­de tu­tu­lyp al­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ýurt­da sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän­ler köp. Mu­nuň üçin äh­li şert­ler hem dö­re­di­len. Ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry gün­de­lik dur­muş­da we­lo­si­ped­den has köp peý­da­lan­ýar­lar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, kä ha­lat­lar­da ýur­duň iri şä­her­le­rin­de, esa­san hem, Ams­ter­dam­da, Rot­ter­dam­da ýol he­re­ke­tin­de ulag­la­ryň köp wag­ty ho­wa­da eme­le gel­ýän ha­pa gaz­lar Ýew­ro­pa ül­ňü­le­rin­iň çäginden geçýär. Ýur­duň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň hü­när­men­le­ri ma­şyn­la­ryň tüs­se­çy­kar­la­ryn­dan çyk­ýan gaz­lar bel­li bir de­re­je­den ýokary bol­sa, ada­myň dem alyş ýol­la­ry­na ze­per ýe­tir­me­giniň müm­kin­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Şu se­bäp­ler şä­her mej­li­si­niň tä­ze ka­rar ka­bul et­me­gi­ne ge­ti­rip­dir. 2030-njy ýyl­dan baş­lap, şäheriň çäginde diňe elekt­rik ýa-da wo­do­rod ýan­gyç­ly ulag­la­ryň sü­rül­me­gi­ne rug­sat edi­ler. Şeý­le hem in­di­ki ýyl­dan baş­lap, şä­her­de 2005-nji ýyl­dan ozal ön­dü­ri­len di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­li ulag­la­ryň şä­he­riň kä ýer­le­rin­de sü­rül­me­gi ga­da­gan edi­ler. Şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň has aras­sa ýan­gyç­ly gör­nüş­le­rin­den peý­da­la­ny­lar. 2022-nji ýyl­dan baş­lap, di­zel ýan­gyç­ly aw­to­bus­la­ryň şä­he­riň bel­li ýer­le­ri­ne gir­me­gi çäk­len­di­ri­ler. Aras­sa ýan­gyç­ly ulag­la­ryň ula­nyl­ma­gy­ üçin dür­li ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ams­ter­dam­da elekt­ro­karlar üçin 3 müň tö­we­re­gi zar­ýad beriş be­ke­di bar. 2025-nji ýy­la çen­li bu gör­ke­zi­ji­niň 23 mü­ňe ýe­ti­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Dün­ýä­de 2016-njy ýyl­dan baş­lap şä­her­le­riň ho­wa­sy­nyň aras­sa bol­ma­gy üçin çyn­la­kaý tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ri­lip ug­ral­dy. Ýer­li hä­ki­mi­ýet­ler, esa­san hem, sy­ýa­hat­çy­la­ryň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň aras­sa bol­ma­gy üçin has köp ta­gal­la ed­ýär­ler. Ger­ma­ni­ýa­nyň Ber­lin, Ita­li­ýa­nyň Rim, Is­pa­ni­ýa­nyň Mad­rid we Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­her­le­rin­de di­zel ýan­gyç­ly ulag­la­ra çäk­len­dir­me gi­ri­zil­di. Iri şä­her­ler­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar üçin tö­leg­siz aw­to­du­ral­ga, söw­da mer­kez­le­ri we beý­le­ki ge­lim-gi­dim­li ýer­ler­de elekt­ro­kar­lar üçin tö­leg­siz zar­ýad no­kat­la­ry dö­re­dil­ýär.