5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy “Hua­wei” 5G bag­la­ny­şy­gy bo­lan 8K du­ru­ly­gyn­da te­le­wi­zor ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. “Nik­kei Asian Review” ne­şi­ri ozal te­le­wi­zor önüm­çi­li­gi­ni ama­la aşyr­ma­dyk hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň il­kin­ji 5G bag­la­ny­şyk­ly te­le­wi­zo­ry­ny şu ýy­lyň do­wa­myn­da ta­nyş­dyr­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 5G bag­la­ny­şyk­ly te­le­wi­zor pi­ki­ri hä­zi­re çen­li or­ta atyl­man­dy. Bu te­le­wi­zor­lar ula­ny­jy­la­ryň hy­ýa­ly ha­ky­kat ýa­ly has uly göw­rüm­li we ýo­ka­ry du­ru­ly­gyn­da­ky wi­deo­la­ry gö­çür­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer. Smart­fon we mo­bil ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ön­dür­mek­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan “Hua­wei” smart­fon sa­tu­wyn­da ikin­ji ýer­de dur­ýar. Şu ýyl “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň smart­fon sa­tu­wyn­da “Sam­sung”-dan oz­du­ryp, bi­rin­ji bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy komp­ýu­ter önüm­çi­li­gi­ni hem ýo­la go­ýup, gel­jek­ki 3 ýy­lyň do­wa­myn­da bu ugur­da il­kin­ji bäş­li­ge gir­me­gi mak­sat edin­ýär.
5G te­le­wi­zor­la­ryň iň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy ada­ty ka­be­le ýa-da op­ti­ki sü­ýü­me ze­rur­lyk duý­ma­ýan­ly­gy­dyr. Şeý­le hem bu te­le­wi­zor­lar beý­le­ki äh­li en­jam­lar üçin mag­lu­mat paý­laý­jy hök­mün­de hyz­mat eder. Hä­zir­ki wagt­da te­le­wi­zor we ka­me­ra ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar in­di­ki ýy­la çen­li 8K du­ru­ly­gyn­da­ky en­jam­la­ry­ny sa­tu­wa çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. Ýa­pon te­le­ýaý­lym kor­po­ra­si­ýa­sy NHK 2020-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Tok­io Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry du­ru­ly­gyn­da ýaý­ly­ma ber­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Şu ýy­lyň ba­şyn­da ge­çi­ri­len “Con­su­mer Electro­nics Show”-da 8K du­ru­ly­gyn­da­ky te­le­wi­zor­la­ry­ny köp­çü­li­ge ta­nyş­dy­ran “Sam­sung”, “LG Electro­nics”, “Sharp”, TCL we “Hi­sen­se” kom­pa­ni­ýa­la­ry “Hua­wei”-iň te­le­wi­zor önüm­çi­li­gin­dä­ki esa­sy bäs­de­şi bo­lar­lar.
Mar­ke­ting-mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy “IHS Mar­kit” 8K du­ru­ly­gyn­da­ky te­le­wi­zor­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň şu ýyl 430 mü­ňe, gel­jek ýyl 2 mil­lio­na ýet­jek­di­gi­ni bel­le­ýär.