Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş nes­le uly ynam bil­di­rip, ola­ryň gel­jek­de bi­lim­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin uly ala­da­lar ed­ýär. Ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak­da, ola­ra döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek­de ça­ga­lar sun­gat mek­dep­le­ri­niň or­ny ulu­dyr. Me­de­ni­ýet we sun­gat ug­run­dan ça­ga­la­ra bi­lim ber­me­giň hi­li­ni kä­mil­leş­dir­mek, okat­ma­gyň de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak ça­ga­lar sun­gat mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň esasy we­zi­pe­si­dir. Bu ugur­da Aş­ga­bat şä­her Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň 4-nji ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň mu­gal­lym­la­ry hem güýç-gaý­ra­ty­ny gaý­gyr­man zäh­met çek­ýär­ler. Ça­ga­lar sun­gat mek­de­bin­de okuw­çy­lar du­tar, gy­jak, ak­kor­de­on, klar­net, fleý­ta, plektr du­tar, ksi­lo­fon, for­te­pia­no, skrip­ka, bag­la­ma, ud we tans sun­ga­ty ýa­ly hü­när ugur­la­ry­ny ele al­mak bi­len bir ha­tar­da, hor, or­kestr, to­par sa­pak­la­ry­na hem iş­jeň gat­naş­ýarlar.
Mek­de­bi­miz­de äh­li hü­när ugur­la­ry bo­ýun­ça oka­ýan okuw­çy­la­ra türk­men sun­ga­tyn­da yz gal­dy­ran Nu­ry Hal­mäm­me­dow, We­li Mu­ha­dow, Dur­dy Nu­ry­ýew, Ça­ry Nu­ry­mow, Aşyr Ku­ly­ýew, Da­ňa­tar Öwe­zow, Re­jep Al­la­ýa­row, Aman­dur­dy Aga­jy­kow ýa­ly us­sat kom­po­zi­tor­la­ryň döreden eser­le­ri ürç edip öw­re­dil­ýär. Sol­fe­jio, türk­men saz ede­bi­ýa­ty, türk­men mil­li saz gu­ral­la­ry bi­len ta­nyş­lyk, saz ede­bi­ýa­ty ders­le­ri bi­len hü­när sa­pak­la­ry ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Se­bä­bi okuw­çy­lar türk­men kom­po­zi­tor­la­ry­nyň dö­re­di­ji­li­gi, eser­le­ri, sa­zyň gur­luş aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len türk­men saz ede­bi­ýa­ty der­sin­de giň­den ta­nyş­ýar­lar we ne­ti­je­de, hü­när sa­pa­gyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­ýän eser­le­riň maz­mu­ny­ny, saz gur­lu­şy­ny çalt öz­leş­dir­ýär­ler. Okuw ýy­ly­nyň do­wa­myn­da mu­gal­lym­la­r okuw­çy­la­r bi­len bi­le­lik­de synp kon­sert­le­ri­ni, kom­po­zi­tor­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan aý­dym-saz­ly ag­şam­la­ry gur­a­ýar­lar. Saz gu­ra­llaryn­da ýe­ri­ne ýe­tiri­ji­lik til­sim­le­ri­ni has oňat öz­leş­di­ren okuw­çy­lar hü­när mu­gal­ly­my bi­len bi­le­lik­de kon­sert mak­sat­na­ma­sy­ny dü­züp, şä­he­ri­miz­de ge­çi­ril­ýän dür­li çä­re­ler­de yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýär­ler. Mek­de­bi­mi­ziň mu­gal­lym­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň yl­my-usu­ly­ýet mü­dir­li­gi bi­len dö­re­di­ji­lik­li ara­gat­na­şyk sak­la­ýar­lar.
Mek­de­bi­miz­de “Mu­kam” du­tar­çy­lar, gy­jak­çy­lar, bag­şy­lar, ak­kor­de­on­çy­lar to­pa­ry, “Paý­tagt” skrip­ka­çy­lar, “Al­tyn ýyl­dyz­jyk” tans to­pa­ry, “Saý­rak bil­bil­ler” hor to­pa­ry, üf­le­nip we ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ryn­dan dü­zü­len, hor we halk saz gu­ral­la­ry or­kestr to­par­la­ry te­le­ýaý­lym­la­r­da, köp­çü­lik­le­ýin me­de­ni çä­re­ler­de, kon­sert­ler­de tä­ze saz­lar, aý­dym­lar bi­len yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýär­ler. Ýü­rek­le­ri aý­dym-saz­dan do­ly ça­ga­lar ge­çi­ril­ýän her bir çä­re­de hö­wes bi­len çy­kyş edip, öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler.

Şe­ker Esen­gu­ly­ýe­wa,
Aş­ga­bat şä­her Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň
4-nji ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.