Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet we sungat ulgamy barha rowaçlanýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylyň iýun aýynyň 27-si Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hökmünde giňden bellenýär. Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Medeniýet hepdeligi bu ýyl gadymy Mary topragynda geçirildi. Golaýda bu hepdeligiň jemleýji gününde uly baýramçylyk konserti geçirildi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dört ýyl mundan ozal, başy başlanan däp özüniň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezdi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen halkymyzyň baý mirasyny hem-de taryhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmekde we gorap saklamakda gazanylanlary beýan edip, olary mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam berdi.
Döredijilik çärelerine meşhur ýerine ýetirijiler, ussat döredijilik toparlary hem-de görnükli folklor-etnografik toparlar, şeýle hem uly sungatda öz ýoluna başlaýan artistler gatnaşdylar. Hepdeligiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşirýat önümleriniň sergileri, şygryýet agşamy hem-de bagşylaryň konserti geçirildi, “Saýathan” operasynyň hem-de “Ata pendi” sahna oýnunyň ilkinji görkezilişleri, “Bagtyýar nesiller” atly çagalar döredijilik baýramçylygy, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak konsert çykyşlar boldy. “Medeni miras—halkyň ruhy dünýäsi” atly ylmy maslahatyň işi taryhy-medeni mirasy hem-de bu ulgamda häzirki zaman gazananlaryny gorap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň wajyp meselelerine bagyşlanyldy.
Öz binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň jemleýji gününde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gala-konserti geçirildi. Dabarada ussat aýdymçylaryň, estrada ýerine ýetirijileriniň, ýurdumyzyň sahnalarynyň dogup gelýän ýyldyzlary bolan milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň ýerine ýetiren aýdymlary, Diýarymyzyň dürli künjekleriniň belli tans toparlarynyň hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary bu ýere ýygnananlaryň göwnüni göterdi.
Medeniýet hepdeligini geçirmek gezeginiň özboluşly berilmegi “Türkmeniň ak öýüniň” sahnasyndaky dabaranyň esasy pursatlarynyň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Olar ýurdumyzda hemmetaraplaýyn döredijilikli işlemäge we döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygyna örän amatly şertleriň döredilendigi, forumy iň ýokary derejede geçirmek mümkinçiligi baradaky ýadawsyz aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ähli güýçlerini we zehinlerini hem-de ylhamlaryny milli medeniýetimizi has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, söýgüli Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
«Zaman–Türkmenistan».