Ýaponiýada ýokary tizlikli otlularyň hataryna ýene birini goşmak maksat edinilýär. 2030-njy ýylda ulanylyp başlanjak “Alfa-X” atly täze demir ýol ulagy synagdan geçirilip başlandy. Sagatda 400 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýän otly ýolagçy gatnawyny amala aşyrýan wagty tizligini 360 km/s bilen çäklendirer. “Kawasaki Heavy Industries” hem-de “Hitachi” şereketleriniň işläp taýýarlaýan ýokary tizlikli otlulary Aomori we Sendai şäherleriniň arasynda gatnar. Täze otly öňümizdäki üç ýylyň dowamynda bu iki şäheriň arasynda gijelerine ýolagçysyz ýagdaýda sürüler. “Alfa-X” daşky dizaýny bilen tapawutlanýar. Ýokary tizlikde barýarka ýola mäkäm ýapyşmagy we tunnellerden geçeninde sesini peseltmegi üçin onuň “burnunyň” şekili ýörite işlenip taýýarlandy. Onuň uzynlygy 22 metre barabar bolup, aerodinamikasy otlynyň ygtybarlylygyna aýratyn goşant goşýar. Demir ýol ulagynyň tizligini gysga wagtda peseltmegini üpjün etmek üçin ýokarsynda howaly duruzyjylar we aşaky böleginde magnit ganatlary bar. Ýertitreme bolan ýagdaýynda 10 wagonly otlynyň ýykylmagynyň öňüni almak üçin ýörite amortizatorlary hem bolar.
Sagatda 200 ýa-da 250 kilometr tizlik bilen hereket edýän otlular ýokary tizlikli diýlip atlandyrylýar. Ilkinji ýokary tizlikli polat ýoly 1964-nji ýylda Ýaponiýada gurlup, ulanmaga berilýär. Şol mahallar 4 sagatda geçilýän 515 km aralyk şu döwürde 2 sagat 22 minutda geçilýär. Häzirki wagtda Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa, Gollandiýa ýaly Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda, Saud Arabystany, Koreýa, Özbegistan we Marokko ýaly dünýäniň beýleki köp ilatly şäherli ýurtlarynda hem ýokary tizlikli otlular hereket edýär. Dünýäniň iň ýokary tizlikli otlusy Hytaýyň Şanhaý şäherinde hereket edip, onuň ýokary görkezijisi 431 km/sagatdyr.