2010-njy ýylda Keniýada döredilen “Mobius Motors” awtoulag şereketi köpçülikleýin öndürilen ilkinji ulagyny satuwa çykarandyklaryny mälim etdi. Ýolsuz ýerden ýöreýän iki gapyly ulag ýurduň we sebitiň gurak hem-de beýikli-pesli ýerlerinde sürmäge niýetlenipdir. Keniýaly inženerler awtoulagy işläp düzenlerinde tehniki ideg çykdajysyny azaltmagy we mümkingadar ýeňil bolmagy üçin tagalla edipdirler. Ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Afrika ýurtlarynda ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara uly isleg bildirilýär. Ulag, esasan, sebit ýurtlaryna satylar. 13 müň dollardan satuwa çykarylan ulagdan şu ýylyň dowamynda 5 müň sanysy öndüriler. “Mobius II” atly täze ulagyň uzynlygy 3,9 m, ini
1,8 m we beýikligi 1,85 m. Ulagy aşagy ýerden 23 sm ýokarda. Sagatda 120 km tizlik bilen hereket edýän ulagyň ýük göterijiligi 625 kg. Modeliň ýolagçy, ýük, tiz lukmançylyk kömegi ulagy ýaly dürli görnüşleri öndüriler. Aslynda kompaniýa 2016-njy ýylda nusgalyk görnüşde 50 ulag öndürip, olaryň ählisi satylypdy. Ulaglara islegiň ýokary bolmagy şereketiň ýolbaşçylaryny täze modelleri döretmäge ruhlandyrypdyr. Mundan soňra has uly we rahat modelleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Ulaglaryň, ilkinji nobatda, Tanzaniýa we Uganda eksport edilmegi göz öňünde tutulýar.