Hormatly Prezidentimiziň gurmak, döretmek syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeginde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň baş şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabat bolsa, täsin şähergurluşyk keşbine eýe bolýar. Milli binagärlik sungaty bilen utgaşyp gidýän desgalar dünýäniň binagärlik gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Aşgabadyň has üýtgeşik desgalary Ginnesiň rekordlar kitabynda ýer aldy, türkmen paýtagty dünýäde ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alyndy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär.
Gahryman Arkadagymyz şäher düzüminiň kämilleşdirilmegi bilen bagly uly tagallalar edýär. Seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, ýol-ulag we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyşy, täze ýollaryň, köprüleriň gurluşygy, şäheriň nusgalyk arassaçylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly ähli ugurlara içgin üns berýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzy ösdürmegiň täze nobatdaky 16-njy tapgyryndaky desgalaryň gurluşygy hem güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu nobatdaky tapgyrda hem ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar häzirki zaman şähergurluşyk ölçeglerine laýyk derejede gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Aşgabadyň demirgazygynda kemala gelen Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda döwrebap şäherçäniň gurluşygy göz öňünde tutuldy.
Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan, Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri bolan häzirki zaman binalarynyň gurulmagy şäheriň keşbiniň şu günki aýratynlygydyr.
Soňky ýyllarda Aşgabady ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Gurluşyk meýdançasyna öwrülen şäherimiz täze, döwrebap, mermer binalary bilen has görkli görünýär. Bu ýerde tapgyrlaýyn esasda gurulýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlary halkyň oňaýly şertlerde ýaşamagyny üpjün edýär. Aýratyn-da çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, muzeýleriň, hassahanalaryň, sport desgalarynyň, söwda merkezleriniň köpçülikleýin bina edilmegi halkymyzy has-da buýsandyrýar. Binagärlik tarapdan özboluşly görnüşe eýe bolan şeýle binalaryň köpüsi dünýä ýüzündäki täsinlikleri özünde jemleýän Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Aşgabat – sagdynlygyň, ruhubelentligiň we sportuň şäheri. Munuň şeýledigini gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda emele gelen Olimpiýa şäherçesi, dünýä ülňülerine kybapdaş sagaldyş we sport merkezleri doly tassyklaýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz sport bilen galkynan şäherleriň birine öwrüldi. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünlige beslenip geçirildi. 2018-nji ýylda ýene-de Olimpiýa şäherçesinde agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirildi. Geljek ýyl paýtagtymyz sambo boýunça Dünýä çempionatyny kabul eder.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän şeýle täze medeni-durmuş maksatly desgalar, belent ýaşaýyş jaýlary şäherimiziň görküne görk goşmak bilen, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda möhüm orna eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek, bagy-bossana büremek, paýtagtymyzy iň ajaýyp hem-de ýaşamak üçin oňaýly şäherleriň birine öwürmek babatda alyp barýan ähli işleriniň özeninde halkymyzyň eşretli geljeginiň aladalary ýatyr. Bu beýik işleriň netijesinde eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan her bir türkmen raýatynyň ýüreginde hormatly Prezidentimize alkyş sözleri joşýar.
Döwlet ÝOLOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.