Okamak endigi ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýän esasy serişdeleriň biridir. Kitap okamagyň netijesinde söz baýlygyň artyp, çalt sagdyn pikirlenmek ukybyna eýe bolýarsyň. Ýeke guba düýesini kitaba çalşan türkmeniň kitaba goýýan sarpasy bimöçberdir. “Umyt bilen açylyp, gazanç bilen soňlanan kitap iň gowy – kitapdyr”, “Kitapsyz ulalan çaga, suwsuz ösen bag ýalydyr”, “Kitaplar adamlaryň ýoluny ýagtyldar” diýen ýaly ajaýyp sözler kitaba bolan söýgiňi ýene bir gez beýgeldýär.
Ynha, “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany“ ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, halka ýetirildi. Hawa, hil taýdan naýbaşy, many taýdan kämil bolan bu kitap okyjylara gowuşmak bilen, türkmen atşynaslygynyň taryhy bilen gyzyklanýanlar üçin gymmatly sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň täze eseri halkymyz üçin bedew atyň sarpasynyň uludygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň öň hem “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplary bütin halkymyzy begendiripdi we dünýäniň dürli dillerine terjime edilipdi.
Kitapda bedew atyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe gidýändiginiň özboluşly nyşanydygy buýsançly bellenilýär. Bedew atyň halkymyzyň taryhyndaky we durmuşyndaky orny, milli mirasymyzy gorap saklamak bilen ösüp gelýän nesli ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada gymmatly pikirler ýöredilýär.
Kitap hakynda söhbet açylanda, türkmen topragynda müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň gadymy medeni ojaklarynyň biri hökmünde bütin dünýäde çuňňur gyzyklanma döreden kitaphanalaryň merkezi bolandygyny hem ýatlamalydyrys. Akyldarlaryň biri: “Çagalaryňyza gowy kitaplary okamagy öwrediň. Galan zatlaryň ählisini durmuşyň özi eder” diýip wesýet edipdir. Kitaplar arkaly halklar bilen söhbetdeş bolup bolýar. Kitabyň berýän lezzetini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Kitaplarda halkyň ýüregi bar. Kitaplar adamzadyň beýik ogullarynyň döreden dünýäsi. Biz hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza gowşan täze kitaby üçin çäksiz hoşallyk bildirýäris we il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Azat Omadow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.