Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2021-nji ýylda rus şahyry hem-de ýazyjysy Nikolaý Alekseýewiç Nekrasowyň doglan gününiň 200 ýyllyk baýramyny geçirmek we taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetini döretmek barada ýörite tabşyryk berdi. Karara laýyklykda, ýurduň hökümeti baýramçylygy geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasyny işläp düzer we tassyklar.
Nekrasow 1821-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Russiýanyň Podolsk guberniýasynda az mülkli dworýanyň maşgalasynda dünýä inýär. Çagalyk ýyllary Greşnewe obasynda geçýär. 10 ýaşyndaka Ýaroslawsk gimnaziýasyna berilýär. 17 ýaşyna ýetende Peterburga gelýär. Güzeranyny aýlamak üçin kitap söwdagärleriniň sargydy bilen goşgy ýazyp başlaýar. 1847-nji ýylda A. S. Puşkiniň esaslandyran “Sowremennik” žurnalynda işe başlaýar. Ol žurnalda işlän döwründe özüne şahyr hökmünde uly abraý getiren birnäçe goşgular ýygyndysyny neşir etdirýär.
Nikolaý Nekrasow 1869-njy ýylda “Oteçestwennyýe zapiski” žurnalyny neşir etdirmäge hukuk gazanýar. Ol bu žurnalda işlän döwründe birnäçe eserleri döredip, olaryň iň naýbaşysy “Döwürdeşler” poemasy (1875) hasaplanýar.
1875-nji ýylda ýazyjy agyr hassalyga sezewar bolýar. Şol döwürde ol “Soňky aýdym” atly şahyrana eseriniň üstünde işläp başlaýar. Nekrasow 1878-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda aradan çykýar.