Medeni miras boýunça Kuba geňeşi hem-de amerikan gaznasy “Finca Vigia” tarapyndan Gawananyň çetinde Ernest Hemingueýiň adada galdyran işlerini hem-de resminamalaryny abatlamak we saklamak boýunça merkez açyldy. Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesiniň öý muzeýiniň ýanynda ýerleşýän resminamalary dikeltmek boýunça ussahanada birnäçe barlaghana we beýleki bölümler bar.
Ernest Hemingueý 21 ýyllap Kubada ýaşap, ol ýerde “Jaň kim üçin kakylýar?”, “Goja we deňiz” ýaly meşhur romanlaryny ýazýar. Hemingueý aradan çykandan soň, 1961-nji ýylda onuň aýaly Meri Uelş ýazyjynyň mülküni we goşlaryny Kubanyň hökümetiniň ygtyýaryna berýär. Köp wagt geçmänkä ýazyjynyň öýi muzeý edilýär. Ol ýerde ýazyjynyň 22 müň töweregi şahsy goş-golamlary we resminamalary saklanyp, olaryň arasynda aw oljalary, diskler, kanselýariýa harytlary, fotosuratlar, ýazuw maşinkasy we “Pilar” kysymly ýelkeni bar.