Ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň tiz­li­gi köp ýyl­dan bä­ri üýt­ge­me­di. Se­bä­bi awia­si­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň çyk­da­jy­la­ry­nyň uly bö­le­gi­ni ýan­gyç eme­le ge­tir­ýär. Ho­wa gä­mi­si bolsa, has ýo­ka­ry tiz­lik bi­len he­re­ket ede­nin­de, köp ýan­gyç sarp ed­ýär. Bu me­se­lä­ni ara­dan aýyr­mak üçin iri şe­re­ket­ler ýan­gy­jy tyg­şyt­ly ulan­ýan, ýo­ka­ry tiz­lik­li uçar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Ame­ri­kan “Her­me­us” kom­pa­ni­ýa­sy hem tä­ze uça­ryň üs­tün­de iş­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Ho­wa gä­mi­si­niň 8-10 ýylda do­ly taý­ýar bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri Mah 5 tiz­li­gin­de (ses­den 5 es­se çalt) he­re­ket et­jek ýo­lag­çy uça­ry bi­len Nýu-Ýork – Pa­riž ara­ly­gy­nyň 90 mi­nut­da ge­çi­lip bi­lin­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Baş­gaça aý­dy­lan­da, uça­ryň tiz­li­gi sa­gat­da 3300 mil (5309 km) bolar. Hä­zir­ki wagt­da ada­ty ýo­lag­çy uçar­la­ry bu ara­ly­gy 7 sa­gat­dan gow­rak wagt­da geç­ýär.
Şe­re­ke­tiň esas­lan­dy­ry­jy­sy Wi­nod Hos­la “Her­me­us”-yň howa gämileriniň uçuş wag­ty­ny azalt­ma­k bi­len çäk­len­män, şol bir wagt­da yk­dy­sa­dy we jem­gy­ýet­çi­lik ba­bat­da hem tä­sir­li bol­jak­dy­gy­ny aýdýar. Hü­när­men­ler uçuş wag­ty­nyň azal­ma­gy­nyň ýo­lag­çy­la­ra hö­dür­len­ýän na­har we beý­le­ki hyz­mat­la­ryň hem azal­ma­gy­na ge­tir­jek­di­gi­ni we mu­nuň awia­kom­pa­ni­ýa­lar üçin bäh­bit­li bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem sy­ýa­ha­tyň gys­ga wagt­da ta­mam­lan­ma­gy ýo­lag­çy­lar üçin hem oňaý­ly bo­lar.