San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi müş­de­ri­le­re ha­ryt­la­ry in­ter­net ar­ka­ly sa­tyn al­mak­la­ry­na müm­kin­çi­lik ber­di. Şeý­le­lik­de, adam­lar otu­ran ýer­le­rin­den ge­rek­li ha­ry­dy­ny göz­läp ta­pyp, tö­le­gi­ni elekt­ron usul­da ama­la aşy­ryp, ony is­len­dik sal­ga ge­tir­dip bil­ýär­ler. Bu ýag­daý tä­ze ha­ryt­la­ry sal­gy­sy­na el­tip ber­mek hyz­ma­ty­nyň ös­me­gi­ne ge­tir­di. Şeý­le bo­lan­soň, bu ugur­da tä­ze çöz­güt­ler hö­dür­le­nip baş­lan­dy. Uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan ki­çi­jik uç­ýan en­jam­lar bo­lan dron­lar iň go­wy çöz­güt­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dron at­ly bu en­jam­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan on­lar­ça şe­re­ket bar. “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy­na eýe­çi­lik ed­ýän “Alp­ha­bet” hem 2014-nji ýyl­dan bä­ri dron­la­ry kä­mil­leş­dir­ýär. In­di­ki aý­dan baş­lap bu ame­ri­kan bren­di Finl­ýan­di­ýa­nyň paý­tag­ty Hel­sin­ki­de na­har­la­ry we beý­le­ki ta­gam­la­ry sal­gy­sy­na elt­mek hyz­ma­ty­ny ýo­la go­ýar. Hel­sin­ki­li­le­riň te­le­fon ar­ka­ly be­ren bu­ýur­ma­la­ry “Alp­ha­bet Wing” at­ly dron­lar ar­ka­ly ga­py­sy­na ge­ti­ri­ler. Bu dron­lar iş­le­nip dü­zü­len­de, şä­he­riň so­wuk ho­wa şert­le­ri göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. 1,5 kg ýük gö­te­ri­ji­li­gi bo­lan bu dron­lar 20 km ýol ge­çip bil­ýär. Go­laý gel­jek­de ABŞ-nyň kä­bir şä­her­le­rin­de hem bu hyz­ma­tyň ýo­la go­ýul­jak­dy­gy mä­lim edil­di. “Alp­ha­bet” ge­çen aý Awst­ra­li­ýa­nyň paý­tag­ty Kan­ber­ra­da bu dron­la­ryň sy­nag uçuş­la­ry­ny ama­la aşy­ryp­dy.