Şwesiýanyň “Einride” şereketi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “T-Pod” atly özbaşdak hereket edýän ýük ulagyny synagdan geçirip başlady. Şereket elektrik energiýasy bilen hereket edýän sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. “T-Pod” atly ulag hereketli ýolda synagdan geçirildi. Sürüji kabinasy bolmadyk ulagyň ýük göterijiligi 26 tonna barabar. Ulagy 5G arabaglanyşygy arkaly uzakdan dolandyryp bolýar. Häzirki wagtda ulag 300 metrlik aralykda günde birnäçe gezek gidip gelýär. Şereket 2020-nji ýylyň ahyryna çenli ähli synaglaryň tamamlanjakdygyny belleýär. Ulag taýýar bolanda sagatda 85 km tizlik bilen hereket eder. Ilkinji synaglar bary-ýogy 10 km tizlik bilen geçirilýär. Şereketiň ýolbaşçysy Robert Falk adaty ýolda synag geçirmekleriniň sürüjisiz ulaglara islegiň artmagyna gitirjekdigini belleýär. Şereket mundan soňky synaglaryny ABŞ-da geçirmegi maksat edinýär.