Angliýada howanyň özgermegine garşy göreşmegiň çäklerinde 130 müň agajyň ekiljekdigi mälim edildi. Ýurduň Tokaýçylyk Geňeşiniň alyp barjak bu çäresiniň çäklerinde geljek iki ýylyň dowamynda “Urban Tree Challenge” atly gazna 10 million funt sterling bölünip berler. Bu köpçülikleýin çärä ýaşaýjylar, ýerli häkimiýetler, jemgyýetçilik guramalary gatnaşyp bilerler. Taslamanyň çäklerinde ekiljek agaçlara üç ýyllap ideg ediler. Ýurduň daşky gurşaw ministri Maýkl Grow bu barada beren beýanatynda agaçlaryň howanyň özgermeginiň öňüni almakda uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Agaçlar howadaky kömürturşy gazyny özüne çekýändikleri sebäpli atmosferadaky artykmaç kömürturşy gazyny azaldýar. Şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde bolsa, ulaglaryň çykarýan sesini, sil almak howpuny azaldýar. Agaçlar şeýle hem sport bilen meşgullanmak, maşk etmek, arassa howada dynç almak ýaly adam saglygyna peýdaly çäreler üçin hem ähmiýetlidir.