We­lo­si­ped­li ge­ze­lenç: ula­gyň bu gör­nü­şi di­ňe bir gat­naw üçin däl, eý­sem, ge­ze­lenç, sport mak­sat­ly hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şol se­bäp­li we­lo­si­pe­diň ça­ga­la­ra, ze­nan­la­ra, şä­her­de ýa-da de­pe­lik we beý­le­ki ýer­ler­de sür­mek üçin ni­ýet­le­nen bir­nä­çe gör­nü­şi bar. We­lo­si­ped sür­me­giň sag­lyk üçin peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy bir­nä­çe ge­zek su­but edil­di.
Ýüz­mek: ýüz­megiň be­de­niň äh­li ag­za­la­ry­ny iş­led­ýän­di­gi se­bäp­li, ol iň peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Jöw­za­ly ys­sy­da de­ňiz ke­na­ryn­da ýa-da ýö­ri­te ho­wuz­lar­da ýüz­me­giň lez­ze­ti baş­ga­ça. Ýüz­me­gi bil­me­ýän bol­sa­ňyz, ýö­ri­te suw-sport des­ga­la­ry­na gat­nap öw­re­nip bi­ler­si­ňiz. Ha­pa, çuň we be­let bol­ma­dyk ýer­le­ri­ňiz­de su­wa düş­me­giň howp­ly bo­lup bil­jek­di­gi­ni ýat­dan çy­kar­maň!
Ge­ze­lenç et­mek: ýur­du­myz ta­ry­hy we te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­re örän baý. Öz ýa­şa­ýan şä­he­ri­miz­dä­ki ýa-da ýur­du­my­zyň beý­le­ki ýer­le­rin­dä­ki mu­zeý­le­re ge­ze­lenç ede­ni­ňiz­de, ola­ra de­giş­li mag­lu­mat­la­ry bel­lik et­me­gi ýat­dan çy­kar­maň! Ta­ry­hy bi­na­la­ryň äh­mi­ýe­ti, ha­çan gur­lan­dy­gy, bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny bil­mek gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Uzak ara­ly­ga ge­ze­len­je gi­de­ni­ňiz­de, ony kar­ta­dan gör­mek we ýol bel­lik­le­ri­ne üns be­rip, ola­ryň ma­ny­la­ry­ny öw­ren­me­k si­ziň üçin has hem gy­zyk­ly bo­lar.
Ki­tap oka­mak: ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­ňy­za gö­rä, öz hö­wes ed­ýän ug­ru­ňy­za de­giş­li ki­tap oka­mak dynç alyş möw­sü­mi­niň gy­zy­gy­ny art­dy­rar. Yzy­gi­der­li oka­ýan ki­ta­by­ňyz­dan öw­re­nen zat­la­ry­ňy­zy ýa-da gy­zyk­ly bö­le­gi­ni maş­ga­la ag­za­la­ry­ňy­za ýa-da deň-duş­la­ry­ňy­za gür­rüň ber­se­ňiz oka­ma­gy has hem sö­ýer­si­ňiz. Ki­tap oka­ma­k söz baý­ly­gy­my­zy art­dyr­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär.
Sport bi­len meş­gul­lan­mak: go­wy gör­ýän sportyňyz bi­len köp­räk meş­gul­lan­mak bu ugur­da üs­tün­lik ga­zan­ma­ga ýar­dam eder. Mu­nuň üçin ýö­ri­te to­mus­ky oku­wa hem gat­na­şyp bi­ler­si­ňiz.
Saz çal­ma­gy öw­ren­mek: hü­när­men­ler sa­za “her mil­le­tiň dü­şün­ýän ýe­ke-täk di­li” di­ýip ba­ha ber­ýär­ler. Haý­sy­dyr bir saz gu­ra­ly­ny çal­mak aý­ra­tyn ukyp ta­lap ed­ýär. Saz çal­nan­da, beý­ni­niň köp ýe­ri bir­wagt­da iş­le­ýär. Bu bol­sa beý­ni üçin aý­ra­tyn maşk ha­sap­lan­ýar.
Açyk meý­dan­da oý­na­mak: aras­sa, açyk ho­wa­da he­re­ket et­mek ra­hat uk­la­ma­ga, iş­dä­ňi aç­ma­ga, te­bi­ga­ty we daş-tö­we­re­gi has ýa­kyn­dan öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Oýun oý­na­ýar­kaň yl­ga­mak, bök­mek, zyň­mak, gap­mak ýa­ly he­re­ket­ler be­de­niň äh­li ag­za­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.
Bat­bö­rek uçur­mak: amat­ly ho­wa şert­le­ri bo­lan ýag­da­ýyn­da bat­bö­rek uçur­ma­gyň aý­ra­tyn lez­ze­ti bol­ýar. Taý­ýar sa­tyn al­nan ýa-da öz ýa­san bat­bö­re­gi­ňi­zi uçu­ryp bi­ler­si­ňiz!
Na­har bi­şir­me­gi öw­ren­mek: ulu­la­ryň kö­me­gi bi­len, na­har bi­şir­me­gi ýa-da baş­ga bir ta­gam taý­ýar­la­ma­gy öw­re­nip bi­ler­si­ňiz. Na­har bi­şir­me­gi öw­ren­mek si­ziň üçin ar­tyk­maç­lyk et­mez.
Görme-görşe gitmek: maş­ga­la ag­za­la­ry­ňyz we ga­ryn­daş­la­ry­ňyz bi­len bi­le­lik­de has köp wagt ge­çi­riň. Ata­ňyz, ba­ba­ňyz, ma­ma­ňyz, da­ýy­ňyz we beý­le­ki ga­ryn­daş­la­ry­ňyz is­le go­laý­da ýa­şa­ýan bol­sun, is­le-de uzak­da, ola­ra myh­man­çy­ly­ga git­se­ňiz, hem ola­ry be­gen­di­rer­si­ňiz, hem-de özü­ňiz be­ge­ner­si­ňiz. Ýa­şu­ly­la­ryň gür­rüň ber­jek ýat­la­ma­la­ry siz­de ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­re­der. Şeý­le hem olar­dan mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za, gym­mat­lyk­la­ry­my­za de­giş­li zat­la­ry öw­re­ner­si­ňiz.
Sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri: el­bet­de, to­mus pas­lyn­da ýo­kar­da ag­za­lan­la­ryň äh­li­si­niň di­ýen ýa­ly jem­len­ýän ýe­ri bar – ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri. Siz ýur­du­my­zyň de­ňiz ke­nar­la­ryn­da, dag etek­le­rin­de we säh­ra­lyk­la­ryn­da ýer­leş­ýän şeý­le mer­kez­ler­de dynç alyp, spor­tuň dür­li gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­ga, tä­ze zat­la­ry öw­ren­mä­ge, esa­san hem, tä­ze dost­lar bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik alar­sy­ňyz!