Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry bo­ýun­ça ýol­baş­çy­sy Alaa El­şi­mi tä­ze öz­baş­dak ama­ly ul­ga­my­nyň şu ýy­lyň ba­şyn­da taý­ýar bo­lan­dy­gy­ny we go­laý­da köp­çü­li­ge ta­nyş­dy­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu ama­ly ul­gam di­ňe smart­fon­lar­da däl, eý­sem, te­le­wi­zor­lar­da, go­şar sa­gat­la­ryn­da, aw­tou­lag­lar­da we beý­le­ki bir­nä­çe en­jam­da ula­ny­lyp bi­l­ner. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň öz en­jam­la­ry­ üçin ze­rur bo­lan mik­rop­ro­ses­sor­la­ry hem ön­dür­ýän­dik­le­ri ha­bar be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da “Hua­wei” smart­fon­la­ry “and­ro­id” ama­ly ul­ga­myn­da iş­läp, ol ame­ri­kan bren­di “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li­.