Taýwanda geçirilen halkara COMPUTEX sergisinde “Qualcomm” we “Lenovo” kompaniýalary dünýäniň ilkinji 5G arabaglanyşykly kompýuterini tanyşdyrdylar. “Project Limitless” atly ýankompýuter 5G kompýuterlere niýetlenip ýörite öndürilen 7nm “Snapdragon 8cx 5G” platformasyndan güýç alýar. Ýarym geçirijileri öndürýän “Qualcomm Technologies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aleks Katuzýan “Lenovo” bilen hyzmatdaşlygyň kompýuterleriň işjeňligini ýokarlandyrjakdygyny aýdýar. Ol täze platformanyň sarp edijilere has ýokary tizlikli arabaglanyşygy hödürlejekdigini belleýär. Katuzýan kabelsiz ýola goýuljak baglanyşyk arkaly uly faýllary göçürip almak we ibermek ýaly işleriň has gysga wagtda ýerine ýetirilip bilinjekdigini, şeýle hem maglumatlaryň uzakda saklanmagynyň aňsat boljakdygyny aýdýar. “Snapdragon 8cx 5G” platformasy kompýuteriň diňe güýjüni artdyrman, şol bir wagtda zarýadynyň has uzak saklanmagyna we aşa ýokary hilli baglanyşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. “Snapdragon X55 5G” modemini hem öz içine alýan platforma arkaly beýleki şereketler “Qualcomm”-yň interfeýsi arkaly 5G baglanyşygy bolan kompýuterleri hem öndürip bilerler. Nusgalyk görnüşi tanyşdyrylan ýankompýuteriň indiki ýylyň başynda müşderilere hödürlenjekdigi mälim edildi.
Şeýle hem halkara serginiň çäklerinde “Asus” kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup ýanyňda götermäge niýetlenen ekranyny tanyşdyrdy. “ROG Strix XG17” atly monitoryň durulygy 1080P bolup, onuň ululygy 17,3 dýuým. Ony ýankompýuteriň üçin goşmaça ekran hökmünde hem ulanmak mümkin. Onuň zarýady üç sagada çenli ýetip, iki sany USB-C we bir sany “micro HDMI” girişi bar.