Smart­fon sa­tu­wyn­da dün­ýä­de üçün­ji ýer­de dur­ýan “Hua­wei” öz ama­ly ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Hy­ta­ýyň iň uly smart­fon ön­dü­ri­ji­si “and­ro­id” ama­ly ul­ga­myn­dan peý­da­lan­ýar. “Sam­sung” hem go­laý­da öz ama­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek is­le­ýän­di­gi­ni be­ýan edip­di. “And­ro­id” ama­ly ul­gam­ly beý­le­ki ön­dü­ri­ji­ler ýa­ly “Hua­wei” hem smart­fon­la­ryn­da öz in­ter­feý­si­ni ulan­ýar. Oňa EMUI di­ýil­ýär.
Ama­ly ul­gam komp­ýu­ter­le­riň ýa-da çyl­şy­rym­ly elekt­ron en­jam­la­ryň prog­ram­ma­la­ry­ny we beý­le­ki app­li­ka­si­ýa­la­ry­ny do­lan­dyr­ýan umu­my ul­gam ha­sap­lan­ýar. Bu ul­gam komp­ýu­ter­ler bi­len bir ha­tar­da wi­deoo­ýun kon­sol­la­ryn­da, el te­le­fon­la­ryn­da, in­ter­net hö­dür­leý­ji­ler­de, aw­tou­lag­lar­da, öý en­jam­la­ryn­da, go­şar sa­gat­la­ryn­da we beý­le­ki elekt­ron en­jam­lar­da bol­ýar. Dün­ýä­de iň ýaý­ran ama­ly ul­gam­la­ra “Micro­soft Win­dows”, “Mac OS X”, “Li­nux”, “And­ro­id” we “iOS” ýa­ly ul­gam­la­ry my­sal ge­tir­se bo­lar.
1940-njy ýyl­lar­da­ky elekt­ron en­jam­la­ryň hiç bi­rin­de ama­ly ul­gam bol­man­dyr. Köp mak­sat­ly komp­ýu­ter­le­riň peý­da bol­ma­gy bi­len ama­ly ul­gam­lar kö­pe­lip baş­la­dy. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 1981-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek iş­le­nip dü­zü­len “Micro­soft Win­dows” ama­ly ul­ga­myn­dan has köp peý­da­la­nyl­ýar. “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy öz elekt­ron en­jam­la­ryn­da di­ňe öz ama­ly ul­ga­my­ny (komp­ýu­ter­ler­de “Mac OS”, smart­fon­la­ryn­da “iOS”) ulan­ýar. Dün­ýä­de “App­le”-dan baş­ga smart­fon ön­dü­ri­ji­le­ri­niň äh­li­si di­ýen ýa­ly “and­ro­id” ama­ly ul­ga­myn­dan peý­da­lan­ýar.

Täze enjamlaryny tanyşdyrar

Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze en­jam­la­ry­ny 1-nji sent­ýabr­da ta­nyş­dyr­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýanyň 2-7-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­jek “Ber­lin IFA 2016” hal­ka­ra ser­gi­si­niň öň ýa­nyn­da ge­çi­ril­jek çä­re­de haý­sy te­le­fon­la­ry ta­nyş­dyr­jak­dy­gy mä­lim edil­me­di. Ge­çen ýyl ta­nyş­dy­ry­lan “Ma­te 8” mo­de­li­niň tä­ze nus­ga­sy­nyň gör­ke­zil­me­gi­niň müm­kin­di­gi bel­le­nil­ýär. “Hua­wei”-iň fab­let te­le­fo­ny “Ma­te 8”-iň hä­zir­ki nus­ga­sy ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da köp­çü­li­ge gör­ke­zi­lip­di. “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy hem aw­gust­da tä­ze en­jam­la­ry­ny hö­dür­le­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.