Öň dürli maksatlar bilen ulanylyp taşlanan plastmassany gaýtadan işlemek derwaýys mesele bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäde öndürilýän plastmassa önümleriniň 18%-i gaýtadan işlenýär. Bu ugurda Norwegiýa öňdeligi eýeleýär. Ýurtda öndürilýän plastmassa gaplarynyň 97%-i gaýtadan işlenilýär. Munuň sebäbi ýurtda tebigatyň arassa saklanmagy üçin höweslendiriji düzgünleriniň ýola goýulmagydyr. Jemgyýetçilik ýerlerinde plastmassa gaplary materialynyň görnüşine görä aýratynlykda ýygnaýan awtomatlaşdyrylan enjamlar oturdylan. Şeýlelikde, aýratynlykda toplanan zibilleri gaýtadan işlemek aňsat bolýar. Sarp edijiler bu enjamlara plastmassa gaplaryny atanlarynda olara pul berilýär. Şeýle hem ABŞ, Hytaý we Ýewropa ýurtlary plastmassa galyndylaryny gaýtadan işlemekde öňdeligi eýeleýär.
Gaýtadan işlenen plastmassadan çotgalary, awtoulaglara degişli dürli şaýlary, gaplaýyş materiallaryny, üçek örtüklerini, turbalary we beýleki ýüzlerçe önümi öndürip bolýar. Zibilleri gaýtadan işlemek tebigy baýlyklaryň goralmagyna, energiýanyň tygşytlanmagyna, zibilleriň mukdarynyň azalmagyna we öndürilen önümler sebäpli ykdysady peýda getirýär.