Aw­tou­lag­la­ryň sü­rü­ji­siz nus­ga­la­ry­nyň sy­nag­dan ge­çi­ril­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ha­bar­lar ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ýy­gy-ýy­gy­dan peý­da bol­ýar. Teh­no­lo­gi­ýanyň şeý­le çalt dep­gin­ler bi­len ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, ka­pi­tan­syz gä­mi­le­riň hem peý­da bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Aň­ry­baş ulag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan “Rolls-Royce” kom­pa­ni­ýa­sy de­ňiz­çi­lik pu­da­gyn­da hem tä­ze tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ýar. Iň­lis kom­pa­ni­ýa­sy ka­pi­tan­syz gä­mi­ni su­wa goý­ber­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär.
Do­lu­ly­gy­na uzak­dan do­lan­dy­ryp bol­ýan gä­mi­ni do­lan­dyr­ma­ga de­giş­li äh­li zat­la­ry otu­ran ýe­riň­den ama­la aşyr­mak müm­kin bo­lar. Onuň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi diý­seň çyl­şy­rym­ly bo­lup, kos­mos be­ke­di­ni ýa­da sal­ýar.
Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa mun­dan ozal nus­ga­lyk gä­mi­niň wi­deo­sy­ny ýaý­ra­dyp­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň de­ňiz­çi­lik pu­da­gy bi­len bag­ly bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Os­kar Le­wan­der hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan teh­no­lo­gi­ýa­nyň şeý­le gä­mi­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ol gel­je­giň gä­mi­si­niň iň giç 2020-nji ýyl­da taý­ýar bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.