Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ägirt uly ösüşlere beslenýär. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda täze üstünliklere badalga berlip, ýurdumyzyň çar künjeginde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Muňa geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlar hem aýdyň görkeziji bolup durýar. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň 11 müň 339-synyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. 2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde Parahat ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, Lebap welaýatynda dört sany täze şäherçäniň hem-de Kerki şäherinde howa menziliniň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze obanyň, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hassahanalaryň, “Aşgabat–Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň gurmak, döretmek başlangyjy esasynda Diýarymyzyň dürli künjeginde giň göwrümli medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarymyzyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň sebitlerinde täze özgeriş dünýäsiniň sahypalary açylýar. Ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda täze, döwrebap şäherçeleriň gurulmagy babatda taryhy Kararlar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeler gurlar. Bina gurmak, ýol çekip, köpri saldyrmak halkymyzda asylly we sogaply saýylýan ýörelgelerdir. Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda hem-de Mary şäherinde guruljak ýaşaýyş jaýlary 3066 hojalyga, Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy 1496 hojalyga, Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç hem-de Kerki etraplarynda guruljak şäherçeler 3500 hojalyga, gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi – Gökdepe etrabynyň çägindäki täze şäher 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenilýär. Şeýle-de, ýaňy-ýakynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde 212 hojalyk üçin niýetlenen täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda adam hakda edilýän aladanyň ýokary subutnamalarydyr. Oba adamlarynyň bagtly hem-de asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen guruljak täze şäherçeler, köp sanly täze döwrebap obalar bagtyýar durmuşyň rowaçlanmagyna itergi berer.
Ýurdumyzda täze nusgadaky şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň gurluşygyna badalga berilmegi milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Onuň esasy ugry halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegidir. Şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, sebitleri toplumlaýyn ýagdaýda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz senagat taýdan güýçli depginler bilen ösýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini birleşdirýän täze ulag ýollary gurulýar. “Aşgabat–Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy uly depginler bilen dowam etdirilýär. Bu ýollar Ahal welaýatynyň çäklerinde birleşip, ýurdumyzyň gündogarynda we günbatarynda ýerleşen iki çetki sebiti özara baglanyşdyrar.
Eziz Diýarymyzy ösüşleriň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýdogdy TEKÄÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.