Dünýä ýurtlarynda elektron tölegiň smartfon bilen amala aşyrylýan usullary barha artýar. El telefonlary arkaly “Apple” we “Samsung” kompaniýalarynyň töleg ulgamlary iň köp ýaýrany hasap edilýär. Bulardan başga-da diňe öz ýurdunda ýöreýän elektron söwda amala aşyrýan ulgamlar bar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Microsoft” hem özüniň elektron bölek söwda ulgamyny işe girizdi. “Microsoft Wallet” atly ulgamdan Amerikada “Windows 10 Mobile 14360” amaly ulgamly telefonlar arkaly peýdalanyp bolýar. Şeýlelikde indi ulanyjylar islendik harydy ýa-da hyzmaty satyn alanlarynda söwda nokatlarynda smartfonlary arkaly töleg töläp bilerler.
Bu hyzmat “MasterCard” we “Visa” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda döredilipdir. Ilki diňe öz ata watanynda hödürlenen hyzmatyň geljekde beýleki ýurtlarda hem ýola goýulmagyna garaşylýar.
Elektron senagatynda iş alyp barýan kompaniýalar öz girdejilerini artdyrmak maksady bilen şeýle hyzmatlary ýola goýupdylar. Şeýlelikde olar maliýe pudagynda hem işläp başlapdylar.