“Bentley” kompaniýasy aňrybaş sedan awtoulagy “Bentley Mulsanne”-y iň ýokary hilli tehnologiýadan peýdalanyp, surata düşürdi. Kompaniýa San-Fransiskodaky dünýä belli “Golden Gate” (Altyn derweze) köprüsinde öz ulagyny goýdy we köprini tutuşlygyna surata aldy. Munda NASA-nyň Marsda ulanýan tehnologiýasyndan peýdalanyldy. Surat 53 milliard nokatdan ybarat. Ýaýradylan suraty 700 metr daşlykdan ulaldyp görseň, “Bentley Mulsanne”-yň oturgyjyndaky nyşany arkaýyn görmek bolýar. Bu şekili döretmek üçin 700 gezek aýratynlykda surata düşürilipdir. Adaty çap ediş usulynda ony futbol meýdançasy ýaly ululykda çykarmak mümkin. Ol smartfon bilen alnan suratdan 4425 esse uly diýmegi aňladýar.