er­ma­ni­ýa­nyň “Volks­wa­gen” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp dü­zen il­kin­ji elekt­ro­ka­ry “ID 3”-den sar­gyt eden­le­riň sa­ny 20 müň­den geç­di. Bir aý öň sar­gyt ka­bul edip baş­lan kom­pa­ni­ýa, il­kin­ji no­bat­da, Ýew­ro­pa üçin 4 ga­py­ly heç­bek ula­gy­ny hö­dür­lär. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry sar­gyt edi­len ulag­la­ryň sa­ny­nyň sent­ýab­rda ge­çi­ril­jek Frank­furt aw­tou­lag ser­gi­si­ne çen­li 30 mü­ňe ýet­me­gi­ne ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp­dy­lar. Em­ma hä­zir­ki gör­ke­zi­ji­le­r bu mak­sa­da wag­tyn­dan öň ýe­til­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, elekt­ro­kar önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy “Tes­la”-nyň “Mo­del 3” mo­de­li­niň sar­gy­dy­nyň 400 mü­ňe ýe­ten­di­gi­ni na­zar­da tu­ta­nyň­da, bu gör­ke­zi­ji örän az. “ID 3” mo­de­li ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä möç­be­rin­de sa­tu­wa çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýän il­kin­ji elekt­ro­ka­ry ha­sap­lan­ýar. En­tek tä­ze ula­gyň ba­ha­sy we teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry mä­lim edil­me­di. 2017-nji ýyl­da bu ula­gyň ba­ha­sy­nyň 8 müň dol­lar tö­we­re­gi bol­jak­dy­gy aý­dy­lyp­dy. Eger şu ba­ha­dan sa­tyl­sa, “ID 3” Ýew­ro­pa­nyň iň ar­zan elekt­ro­ka­ry bo­lar. Sar­gyt edi­len ulag­lar in­di­ki ýyl müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip baş­la­nar.