Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda interaktiw okuw tagtalary giňden peýdalanylýar. Olar şöhle saçýan proýektorlar arkaly işleýär. “Dell” kompaniýasy şu maksat bilen ulanyp bolýan ekran öndürdi. “Dell Interactive Conference Room Monitor” (C7017T) atly enjam sensorly bolmagy bilen tapawutlanýar. Ulanyjylar onuň ýüzüne barmagy bilen ýa-da ýörite taýajyk bilen islendik zady ýazyp, çyzyp bilerler. Ol bu babatda uly ýeňillik hödürleýär. Okuw synplary we ýygnak zallary üçin niýetlenen 70 dýuýmlyk ekranyň durulygy 1080 piksel. Onuň ýüzünde bellik etmek, ýazuw ýazmak üçin iki sany taýajygy bar. Ekran 5 müň dollardan satuwa çykaryldy.