Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň giň gerimde ýola goýulmagynyň hem-de dürli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüş depginine eýe bolýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 5 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýylyň başyndan bäri, milli ykdysadyýetimizdäki jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklanyp galýar. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlara ser salanymyzda, onuň ösüş göteriminiň käbir halkara maliýe edaralarynyň çaklamalaryna görä, 3,3 göterimlik ösüş gazanýan döwründe milli ykdysadyýetimizde gazanylýan bu ösüş depgini bellenmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginde saklanylmagy milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şu ýylyň 5 aýynyň jemlerine laýyklykda, senagat pudagynda ösüş depgini 4 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,1 göterim, söwdada 11,8 göterim, oba hojalygynda 3,5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 8 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde eksport edilen möçberi 14 göterim artdy. Şol bir wagtda importuň möçberi bolsa, 20 göterim azaldy. Importuň möçberiniň yzygiderli azalmagy ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagynyň hasabyna amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginine ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň hem goşandy uludyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly goldawa eýe bolan türkmen telekeçileri öz öndürýän önümlerini dünýä bazaryna ýerläp, şol bir wagtda ýurdumyzda hem halkyň isleglerini kanagatlandyryp, asylly zähmet çekýärler. Şu ýylyň 5 aýynyň jemlerine görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi 21,8 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň möçberi 4,9 göterim artdy. Döwletimiziň goldaw bermegi netijesinde, daşary ýurtlara eksport edilen azyk harytlarynyň möçberi 26,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň möçberi 3,3 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň gazanýan bu üstünlikleriniň netijesinde, azyk hem-de senagat maksatly önümçilikler giň gerime eýe boldy. Diýarymyzyň dürli künjeklerine hususy pudagyň wekilleriniň döredýän maldarçylyk toplumlarynyň, gurýan ýyladyşhanalarynyň hasabyna bazarlarymyzda et-süýt önümleri bilen bir hatarda, ter bakja önümleri bolan pomidoryň, hyýaryň hem-de beýleki önümleriň has köp mukdaryny görmek bolýar. Şeýle hem senagat maksatly kärhanalarda hojalyk üçin zerur bolan dürli serişdeleriň öndürilmegi ýola goýuldy. Şolaryň hatarynda elde we awtomatiki usulda kir ýuwmak üçin kir ýuwujy serişdeleri öndürýän täze kärhanalar peýda boldy. Mundan başga-da, durmuş maksatly himiýa önümleri hem öz ýerli telekeçilerimiziň önümçiliginiň hataryna goşuldy. Telekeçiler kir ýuwujy serişdeleriň, şampunlaryň birnäçe görnüşini, suwuk sabyn, gap-gaç, aýna ýuwujy serişdeleri we beýlekileri öndürmegi ýola goýdular. Turbalary hapadan arassalaýan erginleriň, eşikleri agardýan serişdeleriň, diş pastalarynyň üç görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da, parfýumeriýa önümlerini köpçülikleýin öndürmegi özleşdirmäge girişýärler. Güneşli ýurdumyzyň önümlerine, şol sanda, ter we gaplanan gök önümlere we miwelere, gawunlara we guradylan miwelere daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Bu ugurda hem netijeli eksport ugurlary ýola goýuldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, türkmen halylaryny, haly önümlerini, milli äheňdäki sowgatlyk we dokma önümlerini dünýä bazaryna çykarmak üçin netijeli işleri alyp barýarlar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýakyn wagtlarda açyljak dükan arkaly dürli görnüşli eksport harytlarynyň lomaý söwdasynyň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Şeýle batly gadamlar milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini has-da belent sepgitlere ýetirýär. Ýurdumyzyň ösüşleriniň hem-de özgerişlikleriniň başynda duran hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bibijemal KAKABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly
mugallymy.