Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sportuň hem köpçülikleýin bedenterbiýäniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi ugrunda aladalar barha güýçlenýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet tarapyndan jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilmegi, ýaşlaryň döwrebap terbiýelenmegi ugrundaky işler has-da giň gerime eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň özüniň işjeň durmuşy hem-de sportuň dürli ugurlarynda görelde görkezmegi ýurdumyzyň ýaşlaryna görelde bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen dürli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport boýunça milli ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri barha rowaçlanýar. Gözel paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerimizde, şäherlerimizde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen doly üpjün edilen döwrebap sport desgalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň köp sanlysy guruldy. Öňden hereket edip gelýän şeýle desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri amala aşyryldy. Türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, mahlasy, türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagy we dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli strategiýasy sport döwleti hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda, şol sanda Aziýanyň we dünýäniň çempionatlarynda üstünlikli çykyş etmegi munuň ajaýyp miwesidir.
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda hem sport ulgamynda uly ýeňişler gazanylýar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda welosiped sporty barha rowaçlanyp, ol tutuş halkymyzyň saglygyny berkitmegiň, raýatlaryň işjeň dynç alşynyň, köpçülikleýin sport we bedenterbiýe hereketi bilen dowamly meşgullanmaklarynyň guralyna öwrülýär. Şu ýylyň 28-nji maýyndan 6-njy iýuny aralygynda Ukrainanyň Belgorod-Dnestrowskiý şäherinde başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleri boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan türgenleriň 550-si gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistana türgenleriň 3-si wekilçilik edip, örän mynasyp çykyş etmegi başardylar. Olar umumy hasapda 10 medaly – 8 altyn we 2 kümüş medaly gazandylar.
Ýuwaş ummanynyň günorta böleginde ýerleşýän Fiji döwletiniň paýtagty Suwa şäherinde şu ýylyň 1-8-nji iýuny aralygynda agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda Dünýä çempionaty geçirildi. Bu çempionata dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň 250-ä golaýy gatnaşdy. Bu ýaryşda ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Maksat Meredow üstünlikli çykyş edip, bürünç medalyň eýesi boldy.
Paýtagtymyz Aşgabatda 12 ýaşdan uly bolmadyk çagalaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. Bu halkara bäsleşigine Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bir hatarda, Owganystan Yslam Respublikasyndan hem ýaş tennisçiler gatnaşdylar. Şu ýaryş hem ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga mynasyp goşant goşdy. Şeýle hem bu ýaryşyň çäklerinde Özbegistanyň tennis federasiýasy bilen ýurdumyzyň tennis federasiýasynyň arasynda degişli ylalaşyk gazanylyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýola goýuldy.
Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynyň maglumatlaryna görä, türkmenistanly agyr atletikaçy, 109 kilogramdan ýokary agramdaky ýaryşlara gatnaşýan Hojamuhammet Toýçyýew dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň sanawynda 9-njy orny eýeleýär. Türkmen türgeniniň şeýle sanawda öňdäki orunlary eýelemegi ýurdumyzyň sport abraýynyň ýokarydygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň sport ugrunda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek babatda edýän bimöçber aladalarynyň miwesidir. Mälim bolşy ýaly, sport her bir adama sagdynlyk, bagtyýarlyk, ruhubelentlik bagyş edýär. Türkmen halkynyň bagtly, abadan hem-de sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän hem-de Diýarymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ejebaý KULYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.