Kä­bir smart­fon­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry komp­ýu­ter­le­riň­ki­den hem ýo­ka­ry bo­lup bil­ýär. ZTE kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze smart­fo­ny “Nu­bia Z11” hem ýo­ka­ry aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. En­ja­my ma­ha­bat­lan­dyr­mak üçin meş­hur fut­bol­çy Kris­tia­no Ro­nal­do çy­kyş edip­dir. Te­le­fo­nyň 4 GB RAM-ly we 6 GB RAM-ly iki gör­nü­şi bar. Onuň ek­ra­ny hem eg­ri bo­lar. Te­le­fo­nyň yzyn­da 0,1 se­kunt­da gul­pu­ny açyp bil­ýän bar­mak yzy­ny okaý­jy bar. Tu­tuş­ly­gy­na al­ýu­min­den ýa­sa­lan enja­myň ga­lyň­ly­gy 7,5 mm. Olar de­giş­li­lik­de 376 we 527 dol­lar­dan sa­tu­wa hö­dür­len­di. Onuň ki­çi­si­niň ýa­dy 64, ulu­sy­nyň­ky 128 GB. Ony 200 GB-a çen­li “microSD” ar­ka­ly kö­pel­dip bol­ýar. “Cor­ning Go­ril­la Glass 3” teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len gap­la­nan ek­ra­ny­nyň ulu­ly­gy 5,5 dýuým, du­ru­ly­gy 1920×1080 pik­sel. Te­le­fo­nyň yz­ky ka­me­ra­sy 16 me­ga­pik­sel, öň­ki ka­me­ra­sy 8 me­ga­pik­sel.