Ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm strategik ulgamda ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalar halkara söwda-ykdysady, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde uly mümkinçilikleri açýar.
Bilşimiz ýaly, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, ýolagçylara edilýän hilini medeniýetini ýokarlandyrmakda anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Elektron ýol biletleri satuwda
Geçen ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmek we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen “www.railway.gov.tm” internet-saýty döredildi.
Orunlary öňünden sargyt etmek hyzmaty
Ýakynda bolsa, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylar üçin elektron ýol biletlerini satmak hyzmaty ýola goýuldy. Ýolagçylar öz öýjükli telefonlaryndaky “Türkmendemirýollary” agentligi programmasynyň kömegi ýa-da “www.railway.gov.tm” internet-saýtyna girmek arkaly elektron ýol biletlerini satyn alyp bilerler. Olaryň tölegini “Altyn asyr” töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan. Bu saýtda gatnawlaryň ugurlary, otly belgisi, nireden nirä, näçe wagtda barýandygy, aralygy ýaly maglumatlar bilen tanşyp bolýar. Bulardan başga-da, ulular we çagalar üçin ýol bilet tölegleri, olary yzyna gaýtarmagyň mümkinçilikleri, el goşlarynyň möçberi, ýolagçylaryň we el goşlaryň hasaba alnyşynyň näçe wagt öňünden başlanýandygy baradaky birnäçe maglumatlary alyp bilersiňiz.Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde, Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň 7-nji kilometrliginde ýerleşýän Halkara awtoulag menzili paýtagtymyzyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Umumy meýdany 7,5 gektar bolan awtomenzilde şäherara we şäherýaka ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlary ýerine ýetirilýär. Halkara awtoulag menziliniň bir wagtda 48 ýolagçy awtobusyna, bir gije-gündiziň dowamynda bolsa, 2000-e çenli ýolagça hyzmat etmäge doly mümkinçiligi bar. Ýakynda internetiň üsti bilen (www.awtomenzil.gov.tm) ýolagçy awtobuslarda orunlary bron etmek hyzmaty ýola goýuldy. Orunlary bronlamak işleri awtobusyň ugramazynyň 7 gün öňünden başlanyp, awtobusyň ugramagyna bir gün galýança amala aşyrylyp bilner. Bilet satyn alnan wagtynda ýolagçynyň ýanynda şahsyýetnamasyny tassyklaýan resminamasy bolmalydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň demir ýol ulaglary ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna giň ýol açylýar. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda halkymyzy bagtyýarlykda ýaşadýan, ulaglar düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!