In­di­ki ýyl Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne il­kin­ji sy­ýa­hat­çy­lar ug­ra­dy­lar. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň Ae­ro­naw­ti­ka we kos­mos gi­ňiş­li­gi­ni öw­re­ni­ji mil­li eda­ra­sy (NA­SA) ha­bar ber­di. NA­SA-nyň ma­li­ýe iş­le­ri bo­ýun­ça mü­di­ri Jeff De­Bitt met­bu­gat ýyg­na­gyn­da eden çy­ky­şyn­da: “Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sa­dy bi­len git­mek is­le­ýän sy­ýa­hat­çy­lar kä­bir çyk­da­jy­la­ry göz öňün­de tut­ma­ly bo­lar­lar. Olar şol ýer­de wagt ge­çir­mek hem-de iý­mit üçin çyk­da­jy eder­ler. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ibe­ril­ýän ame­ri­ka­ly kos­mo­nawt üçin 80 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de çyk­da­jy ed­ýä­ris. Ýö­ne söw­da mak­sat­ly uçuş­lar­da ba­ha­nyň bir­ne­me azal­dyl­ma­gy we tak­my­nan bir orun üçin 58 mil­li­on dol­lar bol­ma­gy müm­kin. Bi­ziň çak­la­ma­la­ry­my­za gö­rä, kos­mo­sa ge­ze­len­jiň ba­ha­sy­nyň şu möç­ber­de bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar” di­ýip bel­le­di.
NA­SA-nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Uil­ýam Gers­teýn­ma­ýer hem sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sat­ly uçuş­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni, adam­la­ryň Gün ul­ga­my­na ba­ryp gör­me­gi­ni ga­zan­mak üçin çe­me­leş­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di.
Şeý­le hem kos­mos sy­ýa­ha­ty­ny Rus­si­ýa­nyň “Ros­kos­mos” eda­ra­sy hem ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Bu kos­mos ge­ze­len­ji­niň esa­sy ug­ry – “Ga­ga­ri­niň ug­ry” bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lar.