Ger­ma­ni­ýa­nyň aw­tou­lag önüm­çi­lik kon­ser­ni ulag­lar­da howp­suz­lyk ýag­daý­la­ry­nyň has-da güýç­len­di­ril­me­gi ba­bat­da dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Umu­man, ulag­la­ryň he­re­ket edi­ji ul­gam­la­ryn­da bu ugur­da dür­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çi­ren kon­sern tä­ze ul­gam­la­ry iş­läp düz­di. Ge­çen ýyl iş­le­nip baş­la­nan ul­gam üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da sy­nag edil­di. Bu ul­gam “daş­ky ho­wa ýas­sy­gy” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Mu­nuň üçin sy­nag meý­dan­ça­sy­na “Opel In­sig­na” ky­sym­ly ulag çy­ka­ryl­dy. Oňa “exter­nal air­bag” (daş­ky ho­wa ýas­sy­gy) ul­ga­my ýer­leş­di­ril­di. Onuň möç­be­ri 280–400 litr ara­ly­gyn­da­dyr. Bu möç­ber ula­gyň göw­rü­mi­ne gö­rä üýt­gäp bil­ýär. Howa ýassygy aw­tou­lag­la­ryň çak­nyş­ma­gyn­dan 150 mil­li­se­kunt öňün­den açyl­ýar. Bu me­ha­niz­miň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin aw­tou­lag dür­li sen­sor­lar we ka­me­ra­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Bu iş­läp dü­zü­len ul­gam gap­dal­dan çak­nyş­ma bo­lan ha­la­tyn­da ýo­lag­çy­la­ry go­ra­mak mak­sa­dy bi­len taý­ýar­lan­dy. Bi­ler­men­ler bu ho­wa ýas­sy­gy­nyň u­rgy­nyň güý­jü­ni pe­selt­mä­ge hem-de dür­li şi­kes al­ma­la­ryň 40 gö­te­ri­mi­niň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.