“Durmuşyň güli” diýlip söýülýän gül çagalaryň owadan ýylgyryşlary, şadyýan gülküleri, buýsançly aýdym-owazlary bu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde belentden ýaňlanýar. Golaýda ýurdumyzyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alşa badalga berildi. Okuw ýylyny üstünlikli tamamlan okuwçylar gür baglyga bürenen mekdeplerde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş meýdançalarynda, merkezlerinde wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Olaryň tomusky dynç alşyny täsirli guramak hem-de berk bedenli sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde guramagynda ýörite meýilnama esasynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Ösüp gelýän ýaşlary sagdyn ruhda terbiýeläp, sagdyn pikirlenmäge ukyply, berk bedenli bolup ýetişmeklerini gazanmakda geçirilýän sport çäreleri uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle bolansoň, sport ýaryşlary we özara bäsleşikler yzygiderli guralýar. Bu bolsa, ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Bu gezekki geçirilen sport bäsleşiginde hem ýaş sport söýüjileri saýlap almaga we ýüze çykarmaga mümkinçilik boldy. Çärede ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.