Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de “Türk­men ha­ly­la­ry” dü­ka­ny­nyň açyl­ma­gy türk­men ha­ly­sy­nyň dün­ýä meş­hur­ly­gy­nyň bar­ha art­ýandygynyň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ber­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri öz ön­dür­ýän önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt ba­za­ry­na çy­kar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Uly bäs­deş­li­ge ukyp­ly bo­lan türk­men mil­li önüm­le­ri­niň dün­ýä ba­za­ry­nda my­na­syp orun al­ma­gy üçin uly ta­gal­la­lar ed­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň bi­möç­ber gol­daw­la­ry ne­ti­je­sin­de, Gru­ziý­ada, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da, Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň dün­ýä ba­za­ry­na çy­ka­ryl­ma­gy üçin söw­da öý­le­ri açyl­dy. Şeý­le söw­da mak­sat­ly öý­le­riň ýe­ne-de bi­ri BAE-niň meş­hur Du­baý şä­he­rin­de dö­re­dil­di. Du­baý şä­he­rin­dä­ki “Al Fat­tan Ma­ri­ne To­wers” söw­da mer­ke­zin­de “Türk­men ha­ly­la­ry” dü­ka­ny açyl­dy. Bu mö­hüm çä­rä ýur­du­my­zyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň, Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dür­li ha­ly önüm­le­ri­ni we sow­gat­lyk ha­ryt­la­ry ön­dür­ýän ha­ly­çy ze­nan te­le­ke­çi­le­ri­miz hem gat­naş­dy­lar.
Du­baý şä­he­ri­niň esa­sy söw­da mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ni be­ze­ýän dü­kan­da ýüň­den we ýü­pek­den do­ka­lan dür­li reňk­li hem-de dür­li öl­çeg­dä­ki ha­ly­lar bi­len bir­lik­de, peý­zaž ha­ly­la­ry­dyr sow­gat­lyk önüm­le­ri­niň hem da­şa­ry ýurt­ly aly­jy­la­ryň göw­nün­den tur­jak­dy­gy ikuç­suz­dyr. Se­bä­bi türk­men ha­ly­la­ry özü­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len hem­me­le­riň ün­sü­ni çe­kip ge­lip­dir. 84 ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­le­ýän dü­kan di­ňe bir ha­ly önüm­le­ri­mi­ziň söw­da­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ýan ýe­ri­ne öw­rül­män, eý­sem mil­li sun­ga­ty­my­zyň hem-de buý­san­jy­my­zyň da­ba­ra­lan­ýan ýe­ri­ne öw­rü­ler.
“Türk­men ha­ly­la­ry” dü­ka­ny aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän ýer­le­riň bi­ri bo­lup, da­ba­ra Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­dä­ki kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri hem-de köp san­ly myh­man­la­ryň gat­naş­mak­la­ry we bu ýer­de olar üçin el­de do­ka­lan aja­ýyp türk­men ha­ly önüm­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­me­gi buýs­an­dy­ry­jy wa­ka­lar­dyr. Şeý­le hem bu ýer­de türk­men di­zaý­ner­le­ri­niň iş­läp taý­ýar­lan ly­bas­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi da­ba­ra­nyň şow­hun­ly pur­sat­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Türk­men ha­ly­la­ry­nyň ýö­ri­te dü­ka­ny­nyň açyl­ma­gyn­da TSTB-niň ag­za­sy “Ber­ka­rar Ge­ne­ral Tra­ding LLС” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň aý­ra­tyn hyz­ma­ty­nyň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek gerek.
Bi­ziň ga­dym­dan göz­baş al­ýan ha­ly do­ka­mak sungatymyz kö­pa­syr­lyk tej­ri­bä esas­lan­ýar. Bu gün bol­sa, ol eks­port ugur­ly bäh­bit­li işe­wür­li­ge öw­rül­ýär. Türk­men ha­ly­la­ry­na bo­lan is­leg tu­tuş dün­ýä­de ýo­ka­ry­dyr. Bu äh­li dö­wür­de-de şeý­le bo­lup­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dün­ýä meş­hur ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu aja­ýyp sun­ga­tyň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny go­rap sak­la­mak ba­ra­da uly ala­dalar edi­lip, ha­ly­çy­lyk pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Ýur­du­myz­da tä­ze çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ry gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ha­ly­çy ge­lin-gyz­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­mek­le­ri we oňat dynç al­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.
Türk­men ha­ly­la­ry­nyň dün­ýä meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­mak­da taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lygymyzy bildirýäris.

Ta­hyr KU­LY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň ta­ly­by.