Şwed aka­de­mi­ýa­sy­nyň he­mi­şe­lik sek­re­ta­ry An­ders Uls­son şu ýyl No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň iki­sin­iň be­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Baý­ra­gyň eýe­le­ri­niň at­la­ry okt­ýabr aýyn­da mä­lim edi­ler. An­ders Uls­son baý­raklaryň däp bo­ýun­ça 10-njy de­kabr­da – baý­ra­gy esas­lan­dy­ry­jy şwed hi­mi­gi Alf­red No­be­liň ýat­la­ma gü­nün­de gow­şu­ryl­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, şwed aka­de­mi­ýa­sy 2018-nji ýy­lyň No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň gow­şu­ryl­ma­gy­ny kä­bir se­bäp­le­re gö­rä, 2019-njy ýy­la ge­çi­rip­di. 2018-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da ede­bi­ýat bo­ýun­ça tä­ze No­bel ko­mi­te­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul edi­lip, ol 2019-njy ýy­lyň 1-nji few­ra­lyn­da öz işi­ne baş­la­dy.