Şu ýyl Beýik Britaniýanyň edebiýat baýragy “PEN Pinter Prize”-e britan ýazyjysy Lemn Sisseý mynasyp boldy. Oňa 10-njy oktýabrda Beýik Britaniýanyň baş kitaphanasynda bu baýrak dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Lemn Sisseý 1967-nji ýylda dünýä inýär. Keseki maşgalada önüp-ösensoň, oňa öweý ene-atasy Norman diýip at dakýar. Sisseýiň eserlerinde ýalňyzlyk meselesi örboýuna galýar. Ol özge maşgalada 12 ýyl ýaşandan soň, çagalar öýüne berilýär. 17 ýaşly Sisseý ejesiniň gözlegine çykmaly we öz hakyky adyna eýe bolmaly diýen karara gelýär. Ol 21 ýaşynda ejesini tapýar.
“PEN Pinter Prize” – 2009-njy ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi Garold Pinteriň hormatyna esaslandyrylan baýrak bolup, ol her ýylda berilýär. Garold Pinter Angliýanyň Pen-klubynyň wise-prezidentidir. Däp boýunça britan ýazyjylary edebiýat ulgamynda bitiren hyzmatlary üçin bu baýrak bilen sylaglanýar. Edebiýat baýragynyň ýeňijisi hyjuwly dünýägaraýşy bilen tapawutlanyp, durmuşyň hem-de jemgyýetiň meselelerini gozgaýan ynsan bolmalydyr.