ABŞ-nyň me­di­a hyz­mat­la­ry kom­pa­ni­ýa­sy “Netf­lix” res­mi saý­tyn­da ko­lumb ýa­zy­jy­sy, No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si Gab­ri­el Gar­si­ýa Mar­ke­siň (1927-2014) dün­ýä bel­li ese­ri – “Ýal­ňyz­ly­gyň 100 ýy­ly” ro­ma­ny­nyň esa­syn­da il­kin­ji ge­zek se­ri­al su­ra­ta dü­şür­mä­ge yg­ty­ýar alan­dyklary ba­ra­da ha­bar ber­di.
Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa bu se­ria­ly dü­şür­mek üçin ese­ri adaptirleýär. Ýa­zy­lan wag­tyn­dan 50 ýyl­dan soň, eseri il­kin­ji ge­zek ek­ran­laş­dyr­ma­ga ýa­zy­jy­nyň ýa­kyn­la­ry rug­sat ber­di­ler.
Se­ria­ly su­ra­ta al­mak iş­le­ri, esa­san, ýa­zy­jy­nyň wa­ta­ny – Ko­lum­bi­ýa­da ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem ýa­zy­jy­nyň ogul­la­ry Rod­ri­go Gar­si­ýa Bar­ça we Gon­sa­lo Gar­si­ýa Bar­ça da­gy se­ria­lyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji prod­ýu­ser­le­ri bo­lar­lar. “Ýal­ňyz­ly­gyň 100 ýy­ly” ro­ma­ny 1967-nji ýyl­da ne­şir edi­len­den soň, Gab­ri­el Gar­si­ýa Mar­kes No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy.