Şu ýyl Pu­lit­ser baý­ra­gy­na “The New York Ti­mes” we “The Wall Street Jo­ur­nal” ýa­ly meş­hur ame­ri­kan ga­zet­le­ri my­na­syp bol­dy. Ne­şir­ler alyp ba­ran yl­my-der­ňew iş­le­ri üçin bu ab­raý­ly baý­ra­ga la­ýyk gö­rül­di.
Bu­lar­dan baş­ga-da, “The South Flo­ri­da Sun-Sen­ti­nel”, “The Pitts­burgh Post-Ga­zet­te” ne­şir­le­ri hem-de “As­socia­ted Press” we “Reu­ters” agent­lik­le­ri bu baý­ra­ga my­na­syp bol­du­lar. Bel­li aý­dym­çy Are­ta Frank­lin ara­dan çy­kan­dan soň, bu baý­rak bi­len sy­lag­lan­dy. Ol 2018-nji ýy­lyň tom­sun­da ara­dan çyk­dy. Ge­çen ýyl ka­li­for­ni­ýa­ly re­p aý­dym­çy­sy Kend­rik La­mar Pu­lit­ser baý­ra­gy­nyň eýe­si bo­lup­dy.
Pu­lit­ser baý­ra­gy žur­na­lis­ti­ka, ede­bi­ýat we saz ug­run­dan be­ril­ýän ab­raý­ly ame­ri­kan baý­ra­gy­dyr. Ame­ri­kan žur­na­lis­ti we as­ly weng­ri­ýa­ly ne­şir­ýat­çy Jo­zef Pu­lit­seriň wesýeti bilen (1847-1911) esas­lan­dy­rylan bu baýrak 1917-nji ýyldan berlip ugraýar. Ede­bi­ýat we saz ug­run­dan di­ňe ABŞ-nyň ra­ýat­la­ry, žur­na­lis­ti­ka ug­run­dan bol­sa, eser­le­ri ame­ri­kan ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ne­şir edi­len beý­le­ki ýurt­la­ryň we­kil­le­ri hem bäs­le­şip bil­ýär­ler. Öz wag­tyn­da Er­nest He­min­gu­eý, Mar­ga­ret Mit­çell, Har­per Li, To­ni Mor­ri­son, Jon Ap­daýk we Ten­nes­si Uil­ýams ýa­ly ame­ri­kan nus­ga­wy ýa­zy­jy­lary bu baý­ra­gyň ýe­ňi­ji­si bol­du­lar.