Ýa­kyn bäş ýyl­da “Bu­ker” baý­ra­gy­na Krem­niý jül­ge­si­niň ma­ýa­da­ry Maýkl Mo­ris we onuň aýa­ly Har­ri­et Heý­man ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy “Cranks­tart” he­ma­ýat­kär­lik eder. Bu ba­ra­da ma­li­ýe agent­li­gi “Bloom­berg” ha­bar ber­ýär.
“Bu­ker” baý­ra­gy ede­bi­ýat ug­run­dan be­ril­ýän iň ab­raý­ly baý­rak­la­ryň bi­ri­dir. Yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, “Cranks­tart” gaz­na­sy Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da we Ir­lan­di­ýa­da iň­lis di­lin­de ne­şir edi­len iň go­wy ro­man üçin be­ril­ýän “Bu­ker” baý­ra­gy­na he­ma­ýat­kär­lik eder. Bu baý­ra­gyň pu­lu­nyň muk­da­ry 50 müň funt ster­ling ýa-da 66 müň dol­lar­dan gow­rak­dyr. Şeý­le-de Mo­ri­siň gaz­na­sy ter­ji­me edi­len iň go­wy ese­rleriň hal­ka­ra baý­ra­gy­na hem he­ma­ýat­kär­lik eder. Ýy­lyň ba­şyn­da “Bu­ker” baý­ra­gy­na 18 ýyl bä­ri he­ma­ýat­kär­lik edip gel­ýän “Man Group PLC” gaz­na­sy “Bu­ker” bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny bes ed­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di.