Dünýäniň iň uly muzeýi hasaplanylýan Luwrda saklanýan Leonardo da Winçiniň Mona Liza kartinasyny hyýaly hakykat tehnologiýasyndan görmäge mümkinçilik hödürlendi. Muzeýiň ýolbaşçylary sungat taryhynyň iň esasy eserleriniň biri hasaplanýan kartinany hyýaly hakykat (VR) äýnegi arkaly görmekligi ýola goýmak üçin “HTC VIVE Arts” şereketi bilen hyzmatdaşlyk etdiler. Muzeýiň myhmanlary şu ýylyň 24-nji oktýabrynda açyljak sergide bu üýtgeşik surata has başgaça tomaşa edip bilerler. Şeýle hem kartinanyň hyýaly hakykat nusgasyny VR platformalarynyň birnäçesi we HTC-niň sanly abuna hyzmaty VIVEPORT arkaly hem görüp bolar. Şeýlelikde dünýäniň islendik ýerindäki ulanyjylar internetiň üsti bilen aýnanyň aňyrsynda saklanýan Mona Lizany oturan ýerlerinden has ýakyndan görüp bilerler. Şeýle hem hyýaly hakykat nusgasynda onuň hakyky suratynda saýgaryp bolmajak jikme-jikligi hem görüp bilerler.
Dünýäniň iň uly sungat merkezi bolan Luwr muzeýi Parižiň taryhy ýadygärlikleriniň biridir. Bu ýerde miladydan ozalky 7000-nji ýyldan, XIX asyryň ortalaryna çenli döredilen 35 müň töweregi eksponat saklanýar. Geçen ýyl muzeýe 10,2 million myhman baryp görüpdir.
Taýwanyň HTC kompaniýasy hyýaly hakykat äýneklerini öndürmekde dünýäniň öňdebaryjysy bolup, “VIVE Arts” bölümi arkaly medeni ojaklardaky ululy-kiçili eserleri dünýäniň islendik ýerinde görmäge mümkinçilik hödürleýän taslamalary durmuşa geçirýär. 2017-nji ýylda döredilen “VIVE Arts” Londondaky “Tate Modern” muzeýi, Pariždäki Orsaý we Oranjeri muzeýleri, Nýu-Ýorkdaky Amerikan tebigy taryh muzeýi, Taýpeýdäki Milli köşk muzeýi, Singapurdaky Sungat bilimi muzeýi we dünýäniň beýleki öňdebaryjy medeni ojaklary bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýdy.