Hin­dis­tan 2014-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da kos­mos en­ja­my­ny Mar­syň or­bi­ta­sy­ny çy­kar­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Bu tas­la­ma üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan iň ar­zan pla­ne­ta­ra uçuş hök­mün­de ha­sa­ba al­nyp­dy. In­di bol­sa, ýur­duň kos­mos eda­ra­sy bo­lan IS­RO in­di­ki aýyň or­ta­syn­da Aýa hem eme­li hem­ra iber­jek­di­kle­ri­ni mä­lim et­di. Eger bu tas­la­ma hem üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­sa, Hin­dis­tan ABŞ-dan, Rus­si­ýa­dan we Hy­taý­dan soň­ra Aýa en­jam gon­du­ryp bi­len dör­dün­ji ýurt bo­lar. Iň soň­ky ge­zek Hy­taý şu ýy­lyň ba­şyn­da bir en­ja­my­ny Ýe­riň hem­ra­sy­na gon­du­ryp­dy. Hin­dis­ta­nyň iber­jek en­ja­my “Chand­rayaan-2” sansk­rit di­lin­de “Aý ula­gy” diý­me­gi aň­lad­ýar. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de Aýyň or­bi­ta­syn­da aý­lan­jak bir sa­ny eme­li hem­ra, onuň ýü­zü­ne gon­jak iki en­jam bo­lar. 15-nji iýul­da ama­la aşy­ryl­jak tas­la­ma­nyň ba­ha­sy­nyň 144 mil­li­on dol­lar­dy­gy mä­lim edil­di. En­jam 50 gün­den soň­ra, ýag­ny 6-njy sent­ýabr­da Ýe­riň hem­ra­sy­na go­nar.