Ýew­ro­pa­nyň uçar ön­dür­ýän “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy Pa­riž­de ge­çi­ri­len “Air Show” awia­ser­gi­sin­de A321 mo­de­li­niň tä­ze nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. Tä­ze ta­nyş­dy­ry­lan “A321XLR” (Xtra Long Ran­ge) uça­ry kom­pa­ni­ýa­nyň iň uzak ara­ly­ga gid­ýän ho­wa gä­mi­si bo­lup, artykmaçlyklary örän köp. Uça­ra bir ge­zek ýan­gyç dol­du­ry­lan­dan soň­ra 8 700 ki­lo­metr ýol ge­çýär. Bu ara­lyk mun­dan öň­ki “A321LR”-iň geç­ýän ýo­lun­dan 15 % köp. Ýan­gy­jy hem 30% az ýak­ýar. Onuň ti­gir­le­ri we ga­nat­la­ry hem gaý­ta­dan di­zaýn edi­lip­dir. Tä­ze uçar Hin­dis­tan-Ýew­ro­pa, Hy­taý-Awst­ra­li­ýa ýa­ly uzak ara­lyk­da­ky gat­naw­la­ry ama­la aşyr­mak üçin ula­ny­lar. Tä­ze ho­wa gä­mi­si­niň 2023-nji ýyl­da ula­ny­şa goý­be­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di.