Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy ma­li­ýe eda­ra­sy “Royal Bank of Scot­land” (RBS) sy­nag tas­la­ma­sy­ny ýo­la goý­dy. Ol bank kart­la­ry­nyň eýe­si­ne PIN-ko­da al­ter­na­tiw hök­mün­de bar­mak yz­la­ry­ny ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ban­kyň we­kil­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu kart­lar için­de otur­dy­lan bio­met­rik sen­sor­lar bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lyp, howp­suz­ly­gy­ny güýç­len­dir­ýär we amal­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň tiz­li­gi­ni art­dyr­ýar. Bar­mak sen­so­ra gal­ta­şan­da kart­da sak­lan­ýan mag­lu­mat­la­ry bar­lap, de­ňeş­dir­ýär. Bank bu teh­no­lo­gi­ýa­ soň­ky ýyl­lar­da kart­la­ry taý­ýar­la­mak­da ga­za­ny­lan iň uly ösüş di­ýip ba­ha ber­di.
– Amal­la­ry tas­syk­la­mak üçin PIN-ko­da de­rek bar­mak yz­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­nyň köp ar­tyk­maç­lyk­la­ry bar. Oza­ly bi­len, ýo­ka­ry howp­suz­ly­gy üp­jün edip, ony ulan­mak­da oňaý­ly ýag­da­ýy dö­red­ýär – di­ýip, öý­jük­li howp­suz­lyk bo­ýun­ça “Ge­mal­to” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li Ho­war Berg aýd­ýar. Kar­tyň eýe­le­ri bar­mak­la­ry­ny gal­taş­dyr­mak ar­ka­ly hiç bir kyn­çy­lyk­syz ha­ryt­la­ryň ba­ha­sy­ny tö­läp bil­ýär­ler.
Bu tas­la­ma RBS hem-de “Nat­West” bank­la­ry­nyň 200 müş­de­ri­siniň gat­na­şma­gyn­da üç aý­lap sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Bio­met­rik mag­lu­mat­la­ryň ýar­da­my bi­len tö­le­giň Bir­le­şen Ko­rol­ly­gyň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek ula­nyl­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Mun­dan ozal, bu usul Kipr­de sy­nag­dan ge­çi­ril­ip­di.