“Porsche 718” awtoulagynyň 2020-nji ýyla degişli täze modelleri satuwa hödürlendi. “Spyder” we “Cayman GT4” nusgalary daşky şekili, tizligi we kaşaňlygy bilen tapawutlanýar. Aşa kuwwatly ulaglary öndürýän nemes brendiniň täze “Porsche 718” lýuks awtoulaglary halaýanlara niýetlenipdir. Iki ulagyň hem alty silindirli hereketlendirijileri bolup, göwrümi 4.0 litr. “2020 Porsche 718”-iň kuwwaty 414 at güýjüne barabar bolup, duruzyjy ulgamy hem örän kämilleşdirilipdir. Ulaglaryň tehniki görkezijileri hem örän ýokary. Täze modeller 4,4 sekuntda 0-dan 100 km/s tizlige ýetýär. Bu modeliň “Spyder” nusgasynyň ýokary tizligi 301 km/s, “Cayman GT4” nusgasynda bu görkeziji 304 km/s. Ulaglar “Nýurnburgring” trassasynda synagdan geçirildi. Ulag dizaýn edilende, gündelik durmuşda ulanylanda ýeňillik döretmegi hem göz öňünde tutulypdyr. Sürüji ulagyň inžektoryny we silindrini üýtgetmek arkaly ýangyjyny tygşytlap bilýär. Şeýle hem ulagy 30 millimetr peseltmek mümkin. Tizligi 120 km/s-dan geçeninde, yz tarapyndaky ganatlary açylýar. Germaniýadaky müşderilere hödürlenen modelleriň “Spyder” nusgasy 93 350 ýewrodan, GT4 nusgasy 96 206 ýewrodan satylýar.