Wýet­na­myň il­kin­ji ýer­li aw­tou­la­gy­müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip baş­lan­dy. “Fer­ra­ri” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­zaý­ny­ny ama­la aşyr­ýan “Pi­nin­fa­ri­na” şe­re­ke­ti­niň iş­läp dü­zen heç­bek ula­gyn­da “Opel Karl Rocks” mo­de­li­niň şas­si­si ula­ny­lypdyr. Ýur­duň il­kin­ji aw­tou­la­gy “Toyo­ta”, “Ford”, “Hon­da” ýa­ly dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bäs­deş­lik eder. “Vin­Fast” at­ly kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dü­ren il­kin­ji mo­de­li “FA­DIL”-iň ba­ha­sy 16 müň 900 dol­lardan başlaýar. Ba­ry-ýo­gy iki ýyl­dan hem az wagt­da 6 za­wod gu­rup, önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýan “Vin­Fast” go­laý geljekde BMW plat­for­ma­syn­da dö­re­di­len SUV hem-de se­dan mo­del­le­ri­ni hem sa­tu­wa çy­ka­rar. Bu ulag­lar ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Pa­riž­de “The Lux A.20” hem-de “SA2.0” ady bi­len ta­nyş­dy­ry­lyp­dy. Il­kin­ji no­bat­da, içer­ki ba­zar­da sa­ty­lyp başlanan ulag gel­jek­de Azi­ýa, ABŞ we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na eks­port edi­ler. Goz­gal­ma­ýan em­läk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “Vin­gro­up” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň aw­tou­lag ön­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len şa­ha­sy ha­sap­lan­ýan “Vin­Fast” hä­zi­re çen­li je­mi 3,5 mil­liard dol­lar öz­leş­di­rip, ýur­duň Haý­fon port şä­he­rin­de önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny gur­dy. Il­kin­ji no­bat­da, her ýyl­da 250 müň ulag ön­dür­jek şe­re­ket 2025-nji ýy­la çen­li bu gör­ke­zi­ji­ni iki es­se art­dy­rar.
Şe­re­ket elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­to­sikl we aw­to­bus önüm­çi­li­gi­ni hem ýo­la go­ýar. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­la­ry eý­ýäm 10 müň aw­tou­lag we müň­ler­çe mo­to­sikl sar­gy­dy­ny alan­dyk­la­ry­ny aýd­ýar­lar. Wýet­nam­da glo­bal kom­pa­ni­ýa­la­ryň önüm­çi­lik des­ga­la­ry hem bar. 96 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bo­lan ýurt­da şu ýy­lyň 5 aýyn­da aw­tou­lag sa­tu­wy ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 22 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr.